Ï Türkmen talyplary Florensiýanyň Kent uniwersitetinde hünär derejelerini kämilleşdirýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen talyplary Florensiýanyň Kent uniwersitetinde hünär derejelerini kämilleşdirýärler

view-icon 56
Türkmen talyplary Florensiýanyň Kent uniwersitetinde hünär derejelerini kämilleşdirýärler

Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Italiýanyň Florensiýa şäherindäki Kent döwlet uniwersitetiniň şahamçasynda tomusky okuw tejribeligini geçýärler.

Okuw tejribeligiň maksatnamasy Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Kent döwlet uniwersitetiniň (ABŞ) arasynda baglaşylan özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasynda amala aşyrylýar.

Okuw maksatnamasynyň çäginde talyplar özleriniň geljekki hünärinde gerekli bolan häzirki zaman usulyýeti we çemeleşmeleri öwrenýärler, şeýle-de halkara derejesinde professorlaryň alyp barýan umumy sapaklaryna gatnaşýarlar. Okuw tejribeligi talyplara diňe bir nazary bilimi çuňlaşdyrmaga däl-de, eýsem, halkara gurşawda öz hünäri boýunça kämilleşmäge mümkinçilik berýär.

Florensiýada – dünýäde öňdebaryjy ylym-bilim we medeni merkezleriň birinde geçýän tomusky okuw talyplar üçin dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen deň-duşlary bilen tejribe alyşmaga we aragatnaşyk saklamaga, dürli medeniýetler bilen tanyşmaga, daşary ýurt dillerini kämilleşdirmäge hem-de dünýägaraýyşyny giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň okuw tejribeligi Kent döwlet uniwersitetinde dowamly ýagdaýda geçirilýär. Iki döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň aýratyn hem akademik jähetden hyzmatdaşlygy ýurdumyzy halkara derejesinde tanadyp biljek başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda möhüm we häzirki wagtda hereket edýän gural bolup durýar.