21.05.2023
8609
Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanda 2023-nji ýylda gant şugundyryny öndürmek hakynda” Karara gol çekdi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak hem-de ygtybarly azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine hem-de Mary welaýatynyň häkimligine Mary welaýatynyň etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
21.05.2023
7494
Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk toparyny döretmek hakynda” Karara gol çekdi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek döwlet çärelerine gowy taýýarlyk görmek we ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, degişli guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
21.05.2023
4903
Kümüş çaýmak gruzin halkynyň zergärlikçilik sungatynyň bir görnüşidir
Ýurdumyzyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Gruziýanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli minankari usulyny ulanýan gruzin zergärleriniň işleriniň sergisi açyldy. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow we Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwili gatnaşdy.
20.05.2023
3764
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
20.05.2023
6925
«Arkadag» topary futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy-2023 ýaryşynyň ýarym finalyna çykdy
«Arkadag» toparynyň futbolçylary iki oýnuň jemi boýunça paýtagtymyzyň «Köpetdagyny» ýeňip, Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryşyň ýarym finalyna çykdylar.
20.05.2023
10892
Türkmenistanly türgenler Estoniýada geçirilen «Balt Cup-2023»Taekwondo ITF halkara ýaryşynda 29 medala mynasyp boldular
Türkmenistanly türgenler Estoniýanyň paýtagtynda geçirilen Taekwondo ITF görnüşi boýunça «Balt Cup-2023» halkara ýaryşynda 29 medala mynasyp boldular.
20.05.2023
6342
Türkmenistanyň ulag syýasaty global ösüşiň ugruny döredýär
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçiriýän ulag syýasaty, döwlet Baştutanymyzyň ulag ulgamyndaky başlangyçlary ulag we logistika pudagynda global ösüşiň ugruny döredýär.
20.05.2023
16352
«Gündogdy» HK awiasiýanyň infrastrukturasy desgalarynyň gurluşygynda ýöriteleşýär
2009-njy ýylyň mart aýynda açylan «Gündogdy» hususy kärhanasy ýurdumyzyň senagat, durmuş we ýaşaýyş jaý gurluşygyna saldamly goşant goşýar.
20.05.2023
13114
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli bilim ýaryşyny geçirýär
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty Bilim ministrligi bilen bilelikde Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda bilim ýaryşyny gurady.
19.05.2023
8136
Döwlet Baştutanymyz “Merkezi Aziýa — Hytaý” birinji sammitine gatnaşdy
Şu gün Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşdy.