Ï Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanda 2023-nji ýylda gant şugundyryny öndürmek hakynda” Karara gol çekdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanda 2023-nji ýylda gant şugundyryny öndürmek hakynda” Karara gol çekdi

view-icon 6157

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak hem-de ygtybarly azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine hem-de Mary welaýatynyň häkimligine Mary welaýatynyň etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.