Şu gün Täjigistan Respublikasynda döwlet saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali bilen duşuşdy.
Oli Majlisiň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy mübärekläp, Täjigistanyň ýurdumyz bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady. Soňky ýyllarda hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejä çykaryldy. Şu gün ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýeti hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu gepleşikler taraplaryň strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda amala aşyrýan döwlet saparynyň däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigine, şol sanda parlamentara derejedäki hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigine ynam bildirildi. Döwlet Baştutanymyz mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, şu gün ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meseleleri boýunça pikir alyşmak, halkara giňişlikde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, parlamentara hyzmatdaşlygyň meselelerine garamak üçin oňyn mümkinçiligiň bardygyny belledi.
Duşuşygyň meselelerine geçmezden ozal, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomalä türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu gezekki döwlet saparyna taraplaryň dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga çalyşýandyklarynyň aýdyň subutnamasy hökmünde garalýar. Soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklar okgunly ösdürilip, hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň ählisini öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň binýadyny döretmekde hem-de pugtalandyrmakda esasy ornuň Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Prezident Emomali Rahmona degişlidigi nygtaldy. Hut şolaryň döwlet parasatlylygy, öňdengörüjiligi netijesinde, türkmen we täjik halklarynyň köpasyrlyk gatnaşyklary häzirki döwürde pugtalandyrylýar, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar we täze döredijilik kuwwatyna, maksada okgunlylyga, geljege ymtylyşa eýe bolýar. Biziň umumy wezipämiz binýady goýlan esaslaryň dowamatlylygyny üpjün etmekden hem-de bilelikdäki tagallalar arkaly däp bolan gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmakdan ybaratdyr.
Söhbetdeşligiň dowamynda gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de sebit hyzmatdaşlygy babatda çemeleşmeleri utgaşdyrmak daşary syýasatda türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň formatynyň zerurdygy we möhüm ähmiýeti bellenildi. Ykdysady gatnaşyklary hil taýdan ösdürmek, dürli pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, giň mümkinçilikleri bolan işewür düzümleriň ugry boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýar. Elbetde, döwletara gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer ulgamdaky netijeli gatnaşyklar hem wajyp orny eýeleýär.
Duşuşygyň barşynda iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Munuň özi toplumlaýyn türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. Nygtalyşy ýaly, soňky ýyllarda bilelikdäki tagallalar bilen bu ulgamda köp işler ýerine ýetirildi. Durnukly parlamentara gatnaşyklar ýola goýuldy, hünärmenleriň duşuşyklarynyň gurallary herekete girizildi, wekiliýetleri alyşmak işi yzygiderli amala aşyrylýar. Şunda parlament dostluk toparlary wajyp orny eýeleýär. Olaryň işi doganlyk halklaryň arasynda özara düşünişmegiň netijeli guraly bolup durýar.
Bellenilişi ýaly, türkmen-täjik parlamentara gatnaşyklary Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek işine saldamly goşant goşýar. Biziň parlamentarilerimiziň dürli sebit forumlarynyň işine gatnaşmagy bu ýerde üstünlikli syýasy, ykdysady, ynsanperwer hyzmatdaşlyk üçin amatly hukuk şertlerini döretmäge gönükdirilendir. Olaryň işi özara gatnaşyklaryň däp bolan diplomatik gurallaryny-da baýlaşdyrýar. Içeri syýasatda durnuklylygy pugtalandyrmakda, demokratik institutlary ösdürmekde we berkitmekde, jemgyýetçilik ylalaşyklylygyny, durmuş adalatlylygyny saklamakda parlamentarileriň orny artýar.
Nygtalyşy ýaly, häzirki döwrüň ýagdaýlary we wehimleri bilen baglylykda, döwletlerdir halklaryň arasynda deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak häsiýetindäki gatnaşyklary ýola goýmagyň möhüm şerti hökmünde parlament diplomatiýasy örän zerur bolup durýar. Şunda Türkmenistanyň we Täjigistanyň kanun çykaryjy edaralarynyň has ysnyşykly hyzmatdaşlygynyň derwaýysdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, köptaraplaýyn parlament diplomatiýasynyň gurallary, oňa beýleki sebitlerden, döwletlerden hyzmatdaşlary we kärdeşleri çekmek uly ähmiýete eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça, sebitiň ýurtlarynyň goldaw bermeginde geçen ýylyň maýynda geçirilen “Merkezi Aziýa — Russiýa” birinji Parlamentara forumy bu işiň başyny başlady. Onuň işine Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali hem gatnaşdy. Türkmenistan şeýle duşuşyklary dowam etdirmek, olaryň formatlaryny, mowzuklaryny giňeltmek ugrunda çykyş edýär.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň parlament hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, bu ulgamda netijeli pikirleri we başlangyçlary goldamaga taýýardygy tassyklanyldy. Munuň özi döwletara hyzmatdaşlygyň strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar we iki doganlyk halkyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Oli Majlisiň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomalä bu döredijilikli işe işjeň gatnaşýandygy hem-de uly şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Täjik parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen söhbetdeşlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.