Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi we Türkmenistanyň ähli doganlyk halkyny Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy bilen ýürekden gutlaýaryn.
9-njy maý güni umumy maksat bilen baglanyşan halklaryň jebisliginiň, dostlugynyň we birek-biregi goldamagynyň nyşany bolup durýar. Bu gün biz faşizme böwet bolup, gurban bolanlary, gahrymançylygyň, edermenligiň, mertligiň, gaýduwsyzlygyň deňsiz-taýsyz nusgasyny görkezip söweşenleri, tylda zähmet çekip, Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna ägirt uly goşant goşan zähmetkeşleri hatyralaýarys we sarpalaýarys. Bu gahrymançylyk baradaky ýatlamalar biziň kalbymyzda hemişelik saklanar.
Gazaply uruş ýyllarynyň synagyna döz gelen halklarymyzyň dostlugynyň, özara goldaw bermeginiň Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi üçin mundan beýläk-de mizemez binýat boljakdygyna berk ynanýaryn.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç! Size, ähli uruş weteranlaryna we tylda zähmet çekenlere, Türkmenistanyň ähli doganlyk halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Ilham Aliýew,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi faşizme garşy uruşda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
9-njy maý biziň dostlukly halklarymyzyň mertligini, parahatçylyk we azatlyk ugrundaky gaýduwsyz göreşini, özara raýdaşlygyny, egsilmez edermenligini alamatlandyrýan nurana baýramdyr. Şu günler biz söweş meýdanlarynda egin-egne berip, gahrymançylykly söweşen weteranlarymyzy, tylda tutanýerli zähmet çeken pederlerimizi çäksiz buýsanç bilen ýatlaýarys we olara belent hormat-sarpamyzy beýan edýäris.
Sebitimizde parahatçylygy, durnuklylygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, bar bolan wehimlere hem-de howplara garşy netijeli göreşmek boýunça tagallalarymyzyň has-da giňeljekdigine ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa rowaçlyk we durnukly ösüş arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Şawkat Mirziýoýew,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!
Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
9-njy maý Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ähli ýurtlarynyň halklary üçin mukaddes senedir. Biziň her birimiz pederlerimiziň ýaşaýşyň, azatlygyň we adalatyň bähbidine görkezen edermenligine tüýs ýürekden buýsanýarys. Bu gün biz söweş meýdanlarynda gahrymanlarça wepat bolanlaryň, şeýle hem tylda jan aýaman zähmet çekenleriň hatyrasynyň öňünde baş egýäris. Olaryň atlary biziň kalbymyzda hemişelik galar. Geçen urşuň pajygaly sapaklary bu gün bizi köpugurly döwletara hyzmatdaşlygy aýawly saklamaga we ösdürmäge, GDA giňişliginde durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga borçlandyrýar.
Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç, bu şanly günde Size we uruş weteranlaryna, Türkmenistanyň ähli halkyna parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw edýärin!
Hormatlamak bilen,
Sergeý Lebedew,
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary.