Ï «Gündogdy» HK awiasiýanyň infrastrukturasy desgalarynyň gurluşygynda ýöriteleşýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Gündogdy» HK awiasiýanyň infrastrukturasy desgalarynyň gurluşygynda ýöriteleşýär

view-icon 12618
«Gündogdy» HK awiasiýanyň infrastrukturasy desgalarynyň gurluşygynda ýöriteleşýär

2009-njy ýylyň mart aýynda açylan «Gündogdy» hususy kärhanasy ýurdumyzyň senagat, durmuş we ýaşaýyş jaý gurluşygyna saldamly goşant goşýar.

Döredilen gününden bäri kärhana Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde 3000 orunlyk sport toplumynyň, welaýatyň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň dolandyryş binasynyň gurluşygyny amala aşyrdy, Balkanabatda 12 gatly ýaşaýyş jaýynyň töwereginiň durkuny täzeledi we abadanlaşdyrdy. Mundan başga-da, Balkanabatda kitaphana taslamasyny taýýarlamak we gurluşygy boýunça, şeýle hem welaýatyň ýaşaýjylarynyň bähbidine köp iş etdi.

Soňky ýyllarda kärhana awasiýa desgalaryny gurmakda we bina etmekde saldamly tejribe toplady. Mysal üçin, 2018-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenabat şäherinde halkara howa menziliniň gurluşygyny üstünlikli tamamlady. Şeýle hem, Kerki şäherinde Lebap welaýatyndaky iň uly infrastruktura taslamasy bolan täze howa menzilini gurdy.

Ýaňy-ýakynda bu kärhana Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen halkara howa menzili toplumynyň taslamasy we gurluşygy ynanyldy. Häzirki wagtda kärhananyň işgärleri we işçileri meýilleşdirilen işleri yzygiderli ýerine ýetirmek bilen, ulanylmaga tabşyrylmasy 2024-nji ýylyň dekabryna meýilleşdirilen desganyň işini tamamlap barýarlar.