Ï Kümüş çaýmak gruzin halkynyň zergärlikçilik sungatynyň bir görnüşidir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kümüş çaýmak gruzin halkynyň zergärlikçilik sungatynyň bir görnüşidir

view-icon 2529
Kümüş çaýmak gruzin halkynyň zergärlikçilik sungatynyň bir görnüşidir
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Ýurdumyzyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Gruziýanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli minankari usulyny ulanýan gruzin zergärleriniň işleriniň sergisi açyldy. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow we Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwili gatnaşdy.

Serginiň merkezinde meşhur suratkeş Dmitriý Filipçenkonyň mahmalyň ýüzüne çekilen iki sany suraty ýerleşdirildi. Dmitriý geýimlerini zergär önümleri bilen bezän gruzin zenany bilen erkek adamy ýörite şu sergi üçin alnan milli şaý-sepleriniň fotosuratlary boýunça şekillendiripdir.

Bu suratlaryň ýanynda M. Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň türkmen we gruzin kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetirýän kirişli saz gurallarynyň kwarteti bardy.

Gruziýanyň Suratkeşler Bileleşiginiň wekili Tamara Jeparidze sergä özüniň we ýene ýedi zergäriň toplumyny hödürledi. Ol myhmanlara başlangyjyny IX asyrdan alyp gaýdýan Minankari sungatynyň döreýşi barada gürrüň berdi. Bu sungatyň mekany Wizantiýadyr.

Gadymy döwürlerde germew syrçasy ikona we kilise esbaplary ýasalanda ulanylypdyr. Biziň günlerimizde bolsa ol zenan we erkek zynatlaryny – ýüzük, şelpe, gülýaka we bilezik öndürmekde giňden ulanylýar.

Sergä gelenler, esasanam, hiç haçan şaý-sepe biperwaý garamadyk zenanlar kümüşden we emaldan ýasalan ajaýyp zatlary uly gyzyklanma bilen gözden geçirdiler. Sergide alnan bir surat muňa mysal bolup biler. Onda dizaýner Irina Arustamowa bilen Tamara Jeparidze türkmen we gruzin şaý-sepleri bilen bezelen lybaslarda düşüpdirler.