03.08.2026
3038
Türkmenistanyň karateçileri Aktauda geçirilýän Merkezi Aziýanyň çempionatynyň ilkinji gününde 4 medal gazandylar
Gazagystanyň Aktau şäherinde başlanan WKF görnüşindäki karate boýunça Merkezi Aziýanyň 11-nji çempionatynyň ilkinji gününde Türkmenistanyň türgenleri 4 medal – 1 altyn, 1 kümüş we 2 bürünç medal gazandylar.
03.08.2026
4530
Daşoguz welaýatynyň ekerançylary künjiniň her gektaryndan, ortaça, 10 sentner hasyl alýarlar
Şu ýyl Daşoguz welaýatynda daýhanlar 560 gektar ýere künji ekdiler.
03.08.2026
2933
Türkmenistanyň Ilçisi Taýlandyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalowyň Taýland Patyşalygyna amala aşyran iş saparynyň çäginde Taýlandyň Daşary işler ministrliginde Günorta Aziýa, Ýakyn Gündogar we Afrika işleri boýunça Baş direktor Urasa Mongkolnawin bilen duşuşyk geçirildi.
03.08.2026
2370
Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnamasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda
2026-njy ýylyň 2-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnama bagyşlanan maslahat geçirildi.
03.08.2026
2871
BMG Türkmenistanyň başlangyjyny biragyzdan goldady: «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama kabul edildi
Şu ýylyň 24-nji iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda hödürlenen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.
03.08.2026
1992
«Halkara hukugy» atly Aşgabat platformasy dörediler
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binýadynda «Halkara hukugy» atly Aşgabat platformasy dörediler.
01.08.2026
6737
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen ýedi aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
01.08.2026
4926
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Sizi beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar – Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.
01.08.2026
4243
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri hanym Sanae Takaitä Ýaponiýanyň Kumamoto prefekturasynda bolup geçen köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýertitremesi zerarly gynanç hatyny iberdi.
01.08.2026
3022
2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrunda «Arkadag» bilen «Ahal» toparlary bäsleşer
2-nji awgustda paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrunda futbol duşuşygy geçiriler. Abraýly kubok üçin döwlet ähmiýetli Arkadag şäherine wekilçilik edýän «Arkadag» futbol topary bilen «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» topary güýç synanyşar.