Şu ýyl Daşoguz welaýatynda daýhanlar 560 gektar ýere künji ekdiler. Bu jogapkärli möwsümiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi netijesinde ekim işleri bellenilen möhletlerde tamamlandy. Sebitde bu ýagly ekiniň esasy öndürijileri hökmünde, adatça, Köneürgenç hem-de S.A.Nyýazow adyndaky etraplary çykyş edip, olaryň hersine 140 gektar ýeri künji üçin bölünip berildi. Akdepe etrabynyň daýhanlary bolsa 125 gektar meýdanda bu ekini ýetişdirýärler. Bu etraplaryň daýhanlary künji ösdürip ýetişdirmekde baý tejribä eýedirler we her ýyl bol hasyl alýarlar.
Künji ýylylygy hem-de ýagtylygy gowy görýän ekin bolup, ol ýokary temperaturada kadaly ösýär. Ol guraklyga çydamlydyr hem-de beýleki oba hojalyk ekinleri bilen deňeşdirilende, az suw talap edýär. Şeýle häsiýetler we toprak şertlerine ýokary talapkärçiligi bolmazlygy we gysga wegetasiýa döwri ony ýerli howa şertlerinde köpçülikleýin ösdürip ýetişdirmäge amatly edýär. Welaýatyň ekerançylary her ýyl künjiniň her gektaryndan, ortaça, 10 sentner hasyl alýarlar.