Ï Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

view-icon 107

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar – Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bitarap Watanymyzyň nobatdaky diplomatik üstünligini alamatlandyrýan bu waka ýurdumyzyň halkara derejesindäki
at-abraýynyň barha ýokarlanýandygyny, Siziň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek boýunça tagallalaryňyzyň dünýäde giňden goldanylýandygyny aýdyň görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz!

Garaşsyz Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy hökmünde bu gurama bilen köpugurly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegi daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwürdi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilmegi, ýurdumyzyň birnäçe gezek Baş Assambleýanyň
wise-başlyklygyna hem-de guramanyň komissiýalarynyň, komitetleriniň, geňeşleriniň agzalygyna saýlanylmagy döwletimiziň bu iri guramanyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen 30-dan gowrak Kararnama dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilendir.

Sarpasy belent döwlet Baştutanymyz!

Siziň: «Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň strategik hyzmatdaşlygy uzak möhletli häsiýete eýedir. Ol ýurdumyzyň oýlanyşykly saýlap alan ýoludyr» diýip belleýşiňiz ýaly, bu günki gün Milletler Bileleşigi bilen netijeli dialog bilelikdäki işiň köpýyllyk oňyn tejribesine daýanyp, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzda guramanyň degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlykda ählumumy howpsuzlyk, Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy pugtalandyrmak, durnukly ösüş, ynsanperwer meseleler, dialog üçin mümkinçilikleri üpjün etmek ýaly ugurlarda üstünlikli iş alnyp barylýar.

Türkmenistan ählumumy parahatçylygy, deňhukukly hyzmatdaşlygy, ösüşi üpjün etmekde Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornuny hemişe ykrar edýär. Siziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji, 80-nji sessiýalaryna gatnaşyp, ýurdumyzyň bu ugurdaky garaýyşlaryny anyk beýan etmegiňiz, halkara gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürmegiňiz munuň aýdyň mysalydyr.

Siziň 2025-nji ýylyň sentýabrynda Baş Assambleýanyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň plenar mejlisinde 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyňyz hem döwletleriň we halklaryň arasynda özara ynanyşykly, netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklip dünýäniň häzirki şertlerinde halkara hukuga hormaty artdyrmakda, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde örän oýlanyşykly başlangyç bolup durýar. Ýer ýüzüniň 78 döwletiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň täze Kararnamasynyň awtordaşy bolup çykyş etmegi bu başlangyjyň giň halkara goldawa eýedigini, Siziň halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik däplerinden gözbaş alýan, bütin adamzadyň nurana geljegini nazarlaýan daşary syýasatyňyzyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.

Hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä giňişliginde alyp barýan işleri halkara hukugyň pugta binýadyna, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna daýanýar. Ýurdumyz Halkara hukugyň ýylyna taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça ýörite meýilnama laýyklykda, halkara hukugyny berkitmek, halkara kadalaşdyryş binýadyny kämilleşdirmek, Birleşen Milletler Guramasynyň konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň, beýleki köptaraplaýyn resminamalarynyň durmuşa geçirilişiniň netijeliligini ýokarlandyrmak ugrunda anyk çäreleri durmuşa geçirer. Kabul edilen möhüm ähmiýetli täze Kararnama bolsa bu ugurda guramaçylyk-usuly, ylmy-amaly, bilim, maglumat, aragatnaşyk häsiýetli çäreleri guramak üçin pugta hukuk binýadyny döredýär.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda watandaşlarymyzyň buýsanjyna buýsanç goşan şanly waka – Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, halkara hukugyň binýadyny berkitmek, parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ilerletmek ugrunda alyp barýan asylly işleriňiziň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw edýärin. Goý, parahatçylyk söýüjilik, dostluk, ynsanperwerlik taglymlaryna eýerýän eziz Watanymyzyň Ýer ýüzündäki şöhraty hemişe belent bolsun!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow.