Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 109

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen ýedi aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, geçen ýedi aýyň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 7-si we Mejlisiň kararlarynyň 12-si kabul edildi.

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şeýle hem raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy kämilleşdirmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän Kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek barada öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwany, Halk Maslahatynyň Diwany, Ministrler Kabineti, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde degişli işler alnyp barylýar.

Mejlisde daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlarynyň 7-si kabul edildi.

Şeýle hem dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 25-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 82-sine gatnaşdylar. Kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 16-sy amala aşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek, kanunçylyk işini döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýedi aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2,6 göterime, gurluşykda 6,7 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,3 göterime, söwdada 8,5 göterime, oba hojalygynda 4,1 göterime we hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy.

Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 10,1 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 9 göterim artdy.

Şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 101,1 göterim we çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,3 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary hem-de talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,7 göterim ýokarlandy.

Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek, şeýle hem jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygyny nygtady we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça 2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 108,7 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 105,5 göterim ýerine ýetirildi.

Benzin öndürmegiň meýilnamasy 121,6 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 113,5 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100,2 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 103 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça 122,6 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 108,1 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň, uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny özleşdirmek işlerini netijeli alyp barmagyň möhümdigini aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere toplumyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän toplumynda şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 111,9 göterime barabar boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 108,6 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 103,3 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 111,8 göterime, «Türkmenpagta» döwlet konserni boýunça 104,5 göterime, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi boýunça 124,7 göterime, «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigi boýunça 100,5 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 116,2 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 103,9 göterime hem-de «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 107,3 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 141,3 göterim ýerine ýetirildi.

Häzirki wagtda oba hojalygy pudagynda dowam edýän möwsümleýin işleriň çäklerinde gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri alnyp barylýar. Pagta ýygymy möwsümine görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde pagta ýygýan kombaýnlary we beýleki oba hojalyk tehnikalaryny hem-de pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Bugdaý ekişini bellenen möhletlerde geçirmek maksady bilen, häzirki wagtda sürüm we tekizlemek işleri dowam edýär. Şeýle hem ekiş möwsüminde işlediljek bugdaý ekijileri hem-de ýokary hilli bugdaý tohumlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny ösdürmegi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki talaplara görä, ýokary hilli we bellenen möhletlerde geçirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 123,9 göterim berjaý edildi.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 103,9 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 127 göterim, Energetika ministrligi boýunça 108,9 göterim ýerine ýetirildi. Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 108,3 göterim berjaý edildi. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni boýunça bu görkeziji 135 göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 127,5 göterim amal edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumyna degişli kärhanalaryň netijeli işlemegini gazanmak hem-de taslama kuwwatyna çykarmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň, awtomobil ýollarynyň gurluşygyna we saklanylyşyna yzygiderli gözegçilik etmegiň wajypdygyny nygtady.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere binalaryň we desgalaryň ýokary hilli gurlup, bellenen möhletde ulanmaga berilmegi üçin degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106,8 göterime barabar boldy.

Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 105,4 göterim ösüş depgini üpjün edildi. «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň kärhanalarynda gazanylan umumy girdejiniň ösüş depgini 107,3 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 169 birža söwdasy geçirilip, olarda 17 müň 898 şertnama hasaba alyndy.

2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 119,4 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 14 sergi we 8 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,2 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,1 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlaryny hem-de söwda nokatlaryny azyk we beýleki harytlar bilen yzygiderli üpjün etmegi gözegçilikde saklamagyň möhümdigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere söwda toplumynyň işini kämilleşdirmek, hususy ulgamyň önümçiligini artdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini hem yzygiderli kämilleşdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly» diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dürli medeni çäreler we dabaralar geçirildi.

Taryhy-medeni ýadygärliklere tanyşdyryş gezelençleri, arheologlar bilen duşuşyklar, meýdan şertlerindäki maslahatlar guraldy. Teatrlarda, döwlet sirklerinde, paýtagtymyzdaky kinoteatrlarda we kinokonsert merkezlerinde, kitaphanalarda, muzeýlerde we taryhy-medeni ýadygärlikler toplumlarynda medeni hyzmatlar hödürlenildi.

Türkmen hünärmenleri daşary ýurtlarda iş saparlarynda bolup, ol ýerlerde geçirilen halkara çärelere gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi. Medeni hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi.

Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen Türki dünýäsiniň ýaş şahyrlarynyň II halkara festiwalyna ýurdumyzyň ýaş şahyrlary, Koreýa Respublikasynyň dostluk gününiň çäklerinde geçirilen çärelere sungat ussatlarymyz, Pekin şäherinde geçirilen Ýaşlar orkestrleriniň halkara sungat hepdeliginiň çäklerinde guralan çärelere «Mukam» skripkaçylar topary gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler we halkara baýraklara mynasyp boldular.

Şeýle hem wise-premýer Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işini döwrüň talabyna görä guramagy dowam etmegiň, halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak boýunça degişli işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerine we Döwlet münberiniň öňünde geçiriljek dabaralara ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Bilim işinde okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy. Okuwçy we talyp ýaşlar halkara bilim bäsleşiklerine gatnaşyp, uly üstünlikleri gazandylar.

Tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki, welaýatlardaky hem-de Awazadaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde çagalaryň ýokary derejede dynç alşy üpjün edildi. Ýokary hem-de orta hünär okuw mekdeplerinde giriş synaglary arkaly talyplary kabul etmek işine guramaçylykly girişildi.

Hasabat döwründe ylym ulgamyny kämilleşdirmek boýunça hem işler guramaçylykly alnyp baryldy. Halkara ylmy-amaly maslahatlar guramaçylykly geçirildi. Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Sanly ylym» atly ÝUNESKO kafedrasy döredildi.

2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Ýokary hilli innowasion lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen şypahanalarda toplumlaýyn saglygy dikeldiş-bejeriş usullary ulanyldy, ýurdumyzyň ilatyna we daşary ýurt raýatlaryna ýöriteleşdirilen şypahana hyzmatlary ýerine ýetirildi.

Şeýle hem bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi. Türgenlerimiz ýokary netijeleri görkezip, jemi 471 medal gazandylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda netijeli işleri alyp barmagyň, bilim bermegiň hilini has-da ýokarlandyrmak boýunça netijeli işleri durmuşa geçirmegiň, saglygy goraýyş ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtady.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere sporty ösdürmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol, ilki bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 24-nji iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda hödürlenen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyjynyň häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýändigini, şeýle hem halkara gatnaşyklarynda kanunylygyň, adalatlylygyň we hukugyň ähmiýetiniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tagallalaryň giň goldawa eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär.

Pursatdan peýdalanyp, wise-premýer, daşary işler ministri mejlise gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň gazanan bu nobatdaky uly daşary syýasy üstünligi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini aýtdy.

«Biz geljekde hem Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam etdireris» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary gelip gowşan hoş habar – möhüm ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Wise-premýer, daşary işler ministri sözüni dowam edip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň düzgünlerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň bu ugurdaky halkara başlangyjynyň mazmunyny giňden açyp görkezmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipleri hödürledi.

Hususan-da, 2028-nji ýylda Halkara hukuk ýylyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek we oňa toplumlaýyn taýýarlyk görmek maksady bilen, 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Milli hereketler meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak teklip edilýär. Bu meýilnamany işläp taýýarlamak, onuň çärelerini utgaşdyrmak we ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek üçin ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylmy edaralarynyň wekillerinden ybarat Pudagara iş toparyny döretmek maksadalaýyk hasaplanylýar.

Milli hereketler meýilnamasynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçiriljek syýasy-diplomatik, ylmy-amaly, bilim, medeni we maglumat çärelerini, olaryň möhletlerini, ýerine ýetiriji edaralaryny hem-de garaşylýan netijelerini kesgitlemek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen birlikde, «Halkara hukugy we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Milli konsepsiýany taýýarlamak we ony Birleşen Milletler Guramasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň agza döwletleriniň arasynda ýaýratmak teklip edilýär.

Şeýle hem 2026 – 2028-nji ýyllaryň dowamynda milli we halkara bilermenleriň gatnaşmagynda ýurdumyzda halkara hukugynyň dürli ugurlaryna bagyşlanan sebit we halkara maslahatlary hem-de duşuşyklary geçirmek baradaky teklip beýan edildi. Şeýle çäreler 2028-nji ýylda geçirilmegi teklip edilýän esasy halkara foruma mazmun we bilermenler nukdaýnazaryndan taýýarlyk görmäge mümkinçilik berer.

Ilatyň, aýratyn-da ýaş nesliň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, ýokary okuw we orta hünär okuw mekdeplerinde halkara hukugynyň esaslary, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy hem-de Milletler Bileleşiginiň halkara hukuk ulgamyny berkitmek ugrunda alyp barýan işleri barada ýörite okuw sapaklaryny, açyk leksiýalary we duşuşyklary guramak boýunça Hereketler meýilnamasyny taýýarlamak teklip edilýär.

Şeýle hem milli we halkara bilermenleriň gatnaşmagynda halkara hukugy boýunça okuw, ylmy-usulyýet we maglumat gollanmalaryny işläp taýýarlamak, elektron bilim serişdelerini döretmek, «Halkara hukuk hepdeligini», BMG-niň işini nusgalaşdyrýan okuw maslahatlaryny we ýaşlaryň arasynda halkara hukugynyň möhüm meseleleri boýunça ylmy işleriň, makalalaryň we düzme ýazmak boýunça bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegini ýola goýmak maksadalaýyk hasaplanylýar.

Şunuň bilen birlikde, halkara hukugynyň ähmiýeti barada
tele-radioýaýlymlarda ýörite gepleşikleri we dokumental filmleri taýýarlamak, metbugatda ylmy-köpçülikleýin makalalary çap etmek, şeýle hem Halkara hukuk ýylyna bagyşlanan köp dilli internet sahypasyny ýa-da ýörite maglumat bölümini döretmek maksadalaýyk bolar.

Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binýadynda «Halkara hukugy» atly Aşgabat halkara platformasyny döretmek teklip edilýär. Ol halkara hukugyny öwrenmek hem-de bu ugurda halkara bilermenleriň arasynda yzygiderli pikir alyşmak üçin hemişelik hereket edýän ylmy-diplomatik meýdança bolup biler. Şeýle hem platformanyň çäklerinde her ýyl «Aşgabat halkara hukuk dialogyny» we ýaş hukukçylar üçin tomusky mekdepleri geçirmek mümkinçiligine seretmek bolar.

2028-nji ýylda Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda halkara hukugy boýunça ýokary derejeli Bütindünýä forumyny geçirmek, onuň jemleri boýunça halkara hukugynyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň möhüm binýady hökmündäki ornuny tassyklaýan Aşgabat Jarnamasyny kabul etmek mümkinçiligine seretmek teklip edilýär.

Şunuň bilen birlikde, Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariaty we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde 2028-nji – Halkara hukuk ýylynyň halkara çäreleriniň senenamasyny işläp taýýarlamak teklip edilýär. Şeýle hem 2028-nji ýylyň başynda BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda Halkara hukuk ýylynyň resmi açylyş dabarasyny geçirmek, ýylyň dowamynda Ženewa, Wena we beýleki iri halkara merkezlerinde ýokary derejeli çäreleri guramak mümkinçiligini öwrenmek maksadalaýyk bolar.

Beýan edilen teklipleriň durmuşa geçirilmeginiň hormatly Prezidentimiziň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny we ýörelgelerini pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň halkara gatnaşyklardaky esasy ornunyň berkidilmegine, dünýäde parahatçylyk, ynanyşmak we özara düşünişmek medeniýetiniň ösdürilmegine möhüm goşant goşjakdygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz kararnama boýunça beýan edilen teklipleri goldaýandygyny aýdyp, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda ministrlik tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatyny durmuşa geçirmek, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan hasabat döwründe degişli işler amala aşyryldy.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ýokary derejedäki saparlar we duşuşyklar möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň ýedi aýynyň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Hytaý Halk Respublikasyna, Awstriýa Respublikasyna, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna hem-de Eýran Yslam Respublikasyna saparlary guraldy.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň ýedi aýynyň dowamynda Gazagystan Respublikasyna, Azerbaýjan Respublikasyna, Gruziýa Respublikasyna hem-de Gyrgyz Respublikasyna saparlary amala aşyrdy.

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde dürli geňeşleriň, komissiýalaryň mejlisleri, beýleki duşuşyklar hem-de çäreler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 22-nji maýda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşmak üçin Arkalaşygyň döwletleriniň Hökümet ýolbaşçylary ýurdumyza sapar bilen geldiler.

Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi 428 wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi we Türkmenistandan daşary ýurtlara 761 wekiliýet saparlary amala aşyrdy.

Şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 287-si geçirildi. Şeýle hem hasabat döwründe Türkmenistanda daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen bilelikde 1376 resmi gepleşikler we duşuşyklar guraldy. Döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti halkara resminamalaryň 137-si bilen ýetirildi. Daşary işler ministrligi bilen beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek boýunça işler hem amala aşyrylýar.

Şeýle hem hasabat döwründe Türkmenistanyň daşary işler ministriniň BMG-niň Baş sekretary, onuň orunbasarlary, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy, Halkara Deňiz Guramasynyň Baş sekretary hem-de Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen gepleşikleri geçirildi.

Daşary ýurt döwletleriniň ilçihanalarynyň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary ösdürmek we kämilleşdirmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar.

2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Argentina Respublikasynyň, Müsür Arap Respublikasynyň, Finlýandiýanyň, Keniýa Respublikasynyň hem-de Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň ýurdumyzda täze bellenilen ilçileri we BMG-niň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik utgaşdyryjysy ynanç hatlaryny gowşurdylar.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky, Irlandiýadaky, Maldiwler Respublikasyndaky ilçileri hem-de BMG-niň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilleri ynanç hatlaryny gowşuryp, resmi taýdan işe başladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri, şeýle hem abraýly halkara guramalary bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine bu gatnaşyklary ösdürmek
hem-de giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi, şeýle hem halkara derejesindäki çäreleri ýokary derejede guramak boýunça degişli guramaçylyk işlerini geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 114 göterime deň boldy.

Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,6 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 102,4 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 107 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 118,8 göterime, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 118,5 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 102,1 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 115,5 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagy dowam etmegiň, ýolagçy we ýük dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin degişli işleri alyp barmagyň möhümdigini belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere ilata edilýän aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmagy üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýedi aýda alnyp barlan işleriň gowy netijeleri görkezendigini, ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda özgertmeleriň netijeli alnyp barylýandygyny, önümçilik pudaklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz jemi içerki önümiň ösüşiniň hasabat döwründe 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Şeýle hem «Ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň, täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem-de beýleki desgalaryň gurluşygynyň dowam edýändigini aýratyn bellemek isleýärin» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleri geçirmegi dowam etmegiň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz 1-nji awgustdan ýolbaşçylaryň zähmet rugsadynyň başlanýandygyny, olaryň ýurdumyzyň şypahanalarynda hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda saglygyny berkidip, dynç alyp biljekdiklerini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz zähmet rugsady döwründe ýolbaşçylaryň ählisine gowy dynç almagy arzuw etdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.