Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binýadynda «Halkara hukugy» atly Aşgabat platformasy dörediler. Ol halkara hukugyny öwrenmek hem-de bu ugurda halkara bilermenleriň arasynda yzygiderli pikir alyşmak üçin hemişelik hereket edýän ylmy-diplomatik meýdança öwrüler.
Türkmenistanyň başlangyjy esasynda hödürlenen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň düzgünlerini iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerindäki täze teklip barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi.
Bu düzüm halkara hukugynyň möhüm meselelerini çuňňur öwrenmek hem-de öňdebaryjy tejribe alyşmak üçin ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň hünärmenlerini birleşdirer. Şeýle hem platformanyň çäklerinde her ýyl «Aşgabat halkara hukuk dialogyny» geçirmek meýilleşdirilýär. Ýaş hukukçylar, diplomatlar we ylmy barlagçylar üçin bolsa ýöriteleşdirilen tomusky okuw maksatnamalary guralar.