Ï «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA agza ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA agza ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi

view-icon 231
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA agza ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi

Şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň möhüm wakasyna öwrülen çäreleriň dowamynda degişli ugur boýunça ýola goýlan gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we media ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň teleradioýaýlymlar ulgamynda we kino sungatynda sazlaşykly ösüşler gazanylýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň netijesidir. Dünýäniň dürli ýurtlarynyň teleýaýlymlary bilen maglumat alyşmak, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek we žurnalistleriň hem-de teleradioýaýlymlaryň hünärmenleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek meselelerine zerur üns berilýär.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen GDA agza ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň Döwletara maglumat pulunyň administratiw geňeşiniň mejlisinde şu ugurda öňde durýan wezipeler we olary üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Bellenilişi ýaly, telewideniýe, radiogepleşikler we kino sungaty ugurlary boýunça halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, bu ugurda dünýäniň ösen tejribesiniň özleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde özara maglumat we telewizion gepleşikleri alyşmak asylly ýörelgä öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, GDA agza döwletleriň teleradioýaýlymlary bilen özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi wajyp ugurlaryň hatarynda kesgitlenendir. Şol bir wagtyň özünde, Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasynda maglumat alyşmak işi barha ösdürilýär.

Halkara çäräniň dowamynda Arkalaşygyň ýurtlarynyň özboluşly aýratynlyklaryny, taryhyny, milli däp-dessurlaryny we häzirki döwürde ýeten derejesini beýan edýän maglumat we medeni kontentleri döretmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň ähmiýetine hem üns berildi.

Mejlisiň dowamynda çykyş edenler teleradioýaýlymlaryň işini ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda, özara tejribe alyşmakda we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemekde şu günki halkara çäräniň möhüm orun eýeleýändigini nygtadylar. Mundan başga-da, maglumat giňişliginde bilelikdäki işleriň gerimini giňeltmek we bu ugur boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleriniň ähmiýetine üns berildi.

Çärä gatnaşyjylar sahawatly türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we meýilleşdirilen ähli halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Şeýle hem olar umumy ösüşiň bähbidine gönükdirilen halkara çärelerde kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňra mejlisiň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Onda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen “TV — Nowosti” Awtonom täjirçilik bolmadyk guramasynyň, Russiýa Federasiýasynyň “Raptly” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň, “Russiýanyň habarlar telegraf agentligi (ITAR — TASS)” federal döwlet unitar kärhanasynyň we “Interfaks paýdarlar jemgyýeti” habarlar agentliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek, özara ýardam bermek, düşünişmek, maglumat alyşmak hakyndaky degişli resminamalara gol çekildi.