Ï Moskwadan Aşgabada çenli: telekeçi Türkmenistanda slawýan aşhanasynyň özboluşly giňişligini döretdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Moskwadan Aşgabada çenli: telekeçi Türkmenistanda slawýan aşhanasynyň özboluşly giňişligini döretdi

view-icon 85
Moskwadan Aşgabada çenli: telekeçi Türkmenistanda slawýan aşhanasynyň özboluşly giňişligini döretdi

Aşgabat şäherinde slawýan aşhanasyna ýöriteleşen ilkinji restoran öz işine başlady. Bu bolsa halk däp-dessurlaryny we milli tagamlary söýýänler üçin ýakymly sowgat boldy. Baýramçylyk ýagdaýy restoranyň bosagasyndan başlandy: myhmanlary milli lybasdaky gyzlar däp bolan duz-çörek (karawaý çöregi) bilen garşyladylar, şadyýan skomorohlar (aktýorlar) bolsa dabaranyň göwnejaý geçmegine öz goşandyny goşdylar.

Taslama restoranyň eýesi, türkmen telekeçisi Myrat Annamuhammedowyň Russiýada – Woronežde we Moskwada ýaşap, işlän döwründe döreden pikirinden gelip çykdy. Geçen ýylyň ýazynda watanyna dolanandan soň, ol bu işe tutanýerlilik bilen girişdi.

Birnäçe aýyň dowamynda ýöriteleşdirilen bezeg işleri geçirildi we özboluşly menýu taýýarlanyldy. Restoranyň içki gurluşy myhmanlara doly derejede slawýan medeniýetiniň ruhuny duýmaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde işgärler düzümi däp bolan lybaslarda hyzmat edýärler, adaty kondisionerler bolsa samowarly rus peçlerini ýada salýan görnüşde ussatlyk bilen bezelipdir. Däp bolan nagyşlar we el keşdeleri aýratyn öwüşgin berýär. Stollardaky ýörite sargyt boýunça ýerli suratkeşler tarapyndan taýýarlanan özboluşly duz gaplary hem restoranyň bezeginiň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Menýuda slawýan aşhanasynyň meşhur tagamlarynyň köp görnüşleri bar. Olaryň hatarynda datly borş, börek, dürli görnüşli süýjülikler, şeýle hem samowarda demlenen hoşboý ysly çaý bar. Restoranyň özboluşly milli öwüşgini şäheriň ýaşaýjylarynyň hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň göwnünden turdy. Tagamlaryň hödürlenilişi we däpleriň sazlaşykly utgaşmasy Aşgabat şäheriniň medeni durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýdy.

– Restoran açmak baradaky pikir Russiýada ýaşan döwrümde döredi. Hut şol ýerde men ýerli däp-dessurlaryň çuňlugyna göz ýetirdim. Şol duýgyny öz mähriban, myhmansöýer ýurduma getirmek, adamlaryň diňe bir datly tagamlardan lezzet alman, eýsem, slawýan öýüniň ýylylygyny we rahatlygyny duýup biljek ýerini döretmek isledim. Men «Матрешка» restoranynyň diňe bir Türkmenistandaky ilkinji slawýan restorany bolman, eýsem, iki beýik halkyň medeniýetleriniň ýakynlaşmagyna hyzmat edýän bir meýdança öwrüljekdigine ynanýaryn – diýip, M. Annamuhammedow restoranyň açylyş dabarasynda belledi.