Ï 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrunda «Arkadag» bilen «Ahal» toparlary bäsleşer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrunda «Arkadag» bilen «Ahal» toparlary bäsleşer

view-icon 109
2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrunda «Arkadag» bilen «Ahal» toparlary bäsleşer

2-nji awgustda paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrunda futbol duşuşygy geçiriler. Abraýly kubok üçin döwlet ähmiýetli Arkadag şäherine wekilçilik edýän «Arkadag» futbol topary bilen «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» topary güýç synanyşar.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan esaslandyrylan Naýbaşy Kubok 2005-nji ýyldan bäri ýurdumyzyň çempiony bilen Kubogynyň eýesiniň arasynda oýnalýar.

Şu güne çenli bu kubogy «Altyn asyr» topary sekiz gezek, «Balkan» we HTTU toparlary üç gezekden gazandy. «Arkadag» topary iki gezek, «Ahal», «Aşgabat» we «Merw» toparlary bolsa bir gezekden Naýbaşy Kubogynyň eýesi boldular.

Arkadag şäheriniň topary geçen möwsümdäki üstünlikli çykyşynyň netijesinde şu möwsümiň üçünji iň möhüm baýragy ugrunda göreşmäge hukuk gazandy. Wladimir Baýramowyň ýolbaşçylygynda topar yzly-yzyna üçünji gezek «altyn dubl» gazanyp, Türkmenistanyň çempionatynda hem-de Kubogy ugrundaky ýaryşda ýeňiji boldy.

«Arkadag» topary milli ýaryşlaryň ikisinde-de ýeňiş gazanandygy sebäpli, Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşygynyň ikinji gatnaşyjysy hökmünde geçen möwsümde Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň finalyna çykan «Ahal» topary saýlandy.

Şu ýyl «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň toparyna täze baş tälimçi Eziz Annamuhammedow ýolbaşçylyk edýär. Türkmenistanyň çempionatynyň birinji aýlawyndan soň «Ahal» topary 30 utuk bilen ýaryş tertibinde ikinji orny eýeleýär. Ondan bir utuk yza galýan «Altyn asyr» topary 29 utuk bilen üçünji ýerde ýerleşýär. Çempionatyň öňbaşçysy «Arkadag» topary bolsa 42 utuk bilen sanawyň başynda ynamly öňdeligini saklaýar.

Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk halkara ýaryşlaryň öňüsyrasynda iki topar üçin hem möhüm synag bolar. Şu ýyl olaryň ikisi hem Türkmenistanyň adyndan Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň (AFK) toparçalaýyn ýaryşlaryna gatnaşar. «Ahal» topary güýzde AFK-nyň yklymyň güýç derejesi boýunça üçünji topar ýaryşy bolan Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş eder.

«Arkadag» topary bolsa 12-nji awgustda öz meýdançasynda Hindistanyň «Goa» toparyny kabul edip, AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna çykmak ugrunda saýlama duşuşygyny geçirer. Bu ýaryş Aziýanyň topar futbolynda ähmiýeti boýunça ikinji orun eýeleýär.