2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapachenko hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Hemişelik wekili Narine Saakyan bilen duşuşyk geçirdi.
2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Bütindünýä welosiped gününi bellemegiň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we edaralary bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) arasynda resminalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasy geçirildi.
«Daşkent suwaryş we oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyrmak inženerleri instituty» Milli ylmy-barlag uniwersitetinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan medeni-tanyşdyryş çäresi geçirildi.
Ženewada geçirilýän Halkara Zähmet Maslahatynyň 114-nji sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri M.Sylapow hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy O.Berdiliýewa çykyş etdiler.
Brýussel şäherindäki Egmont köşgünde Belgiýa Patyşalygynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Maksim Prewonyň Merkezi Aziýa döwletleriniň we Mongoliýanyň Ilçileri bilen iş ertirligi geçirildi.