Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady.
Şu ýylyň 10 – 14-nji oktýabry aralygynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin Türkiýe Respublikasyna halkara metbugat sapary guralar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň bagbanlary, kärendeçi daýhanlarydyr hususyýetçileri has-da göreldeli zähmet çekýärler.
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän halkara çärelere gatnaşýan döwlet Baştutanlary we belent mertebeli myhmanlar Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň we Eýran Yslam Respublikasynyň milli tagamlarynyň festiwalyna gatnaşdylar.
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky suw çüwdürimler toplumynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti ýaýbaňlandyryldy.