18-nji oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Hangzhou şäherindäki «InterContinental Hangzhou Liangzhu» toplumynda halkara derejesindäki uly medeni-syýasy çäre – 4-nji Liangzhu Forumynyň açylyş dabarasy boldy hem-de esasy maslahaty geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň sebitlerinde pagta ýygymyny gysga möhletlerde guramaçylykly geçirmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, Balkan welaýatynyň oba hojalykçylary zähmet depginlerini barha ýokarlandyrýarlar.
16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýerewanda geçirilen BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitinde çykyş etdi.
Aşgabatda Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan çäre geçirildi. Duşuşyk Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guraldy.
Öň habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň öňdebaryjy döwlet we hususy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Türkiýe boýunça geçirilen metbugat saparyna gatnaşdylar.