Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk taryhy senesiniň uludan toýlanyljak «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly kalplarymyza unudylmajak röwşenlik nuruny çaýyp, hakydalara hemişelik ýazylýar.
Paýtagtymyzda türkmen atşynaslarynyň Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, ýokary derejeli baş baýraklara mynasyp bolmagyna bagyşlanan dabara guraldy.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen geçýän 2026-njy ýylda ýurdumyzda köp sanly ähmiýetli wakalar bellenilýär.
Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 7-nji tapgyrynyň duşuşyklary janköýerlere gyzykly pursatlary peşgeş berdi. Ýaryşda öňdäki orunlary eýeleýän toparlar ýaryş tertibindäki orunlaryny has-da berkitdiler, «Arkadag» topary bolsa taryhy senesini uly hasap bilen belläp geçdi.