18.06.2026
2618
«Ýylyň talyby – 2026» bäsleşigi geçirildi
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda her ýyl geçirilýän döwlet bilim bäsleşiginde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara ykdysadyýeti we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew «Ýylyň talyby – 2026» diýen abraýly ada mynasyp boldy.
18.06.2026
2770
Tähranda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan çäreler geçirildi
2026-njy ýylyň 17-nji iýunynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet institutynda «Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy sebitinde agzybirligiň we medeni galkynyşyň sesi» atly Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan maslahat geçirildi.
18.06.2026
4617
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde TIIF-2026 forumyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 16-18-nji iýuny aralygynda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N. Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bäşinji Daşkent halkara maýa goýum forumynyň (TIIF-2026) işine gatnaşdy.
17.06.2026
2947
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy hem-de welaýatda dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy.
17.06.2026
11409
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny esasynda netijeli özleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
17.06.2026
2006
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
Şu gün paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Oňa gatnaşmak üçin Slowakiýa Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Wladimir Şimonýagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza geldi.
17.06.2026
4017
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» birinji sammitine taýýarlyk mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 16-njy iýunynda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A. Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy.
17.06.2026
2008
Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nurlan Nogaýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.
17.06.2026
3016
Türkmenistanda «ESGCA» taslamasynyň çäklerinde halkara bilermenleriň gatnaşmagy bilen okuw maslahaty geçirildi
Türkmenistanda «Erasmus+» maksatnamasynyň «ESGCA – Bridging Environmental Concerns, Societal Needs and Good Governance in Central Asian Education and Employment Sectors» atly taslamasynyň çäklerinde okuw maslahaty geçirildi.
17.06.2026
1040
«Jennet mukamy» – medeniýet forumyna döredijilik sowgady
Balkan welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligi we Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň işgärleri ajaýyp döredijilik sowgadyny taýýarladylar.