Ï Türkmenistan bilen Owganystan gaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze sahypasyny açýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan bilen Owganystan gaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze sahypasyny açýar

view-icon 74
Türkmenistan bilen Owganystan gaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze sahypasyny açýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradaryň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Owganystanyň «Afghan Gas» döwlet korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.

Bu resminama gaz ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze sahypasyny açýar. Ähtnama laýyklykda, taraplar Hyrat welaýatynda degişli düzümleri döretmek, senagat kärhanalaryny, elektrik stansiýalary we ilaty türkmen tebigy gazy bilen üpjün etmek boýunça bilelikde iş alyp barmak barada ylalaşdylar.