Hazar deňziniň güni mynasybetli «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Foruma Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani gatnaşdy.
Ilçi öz çykyşynda suw derejesiniň peselmegi bilen bagly meseläni çözmäge, şeýle hem bu ýagdaýyň sebitdäki infrastruktura we ilata ýetirip biljek täsirlerini azaltmaga gönükdirilen kenarýaka döwletleriniň başlangyçlaryny Tähranyň goldamaga taýýardygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Ali Mojtaba Ruzbehani Aşgabat şäheriniň öňe süren möhüm başlangyjyna ýokary baha berdi.
«Amaly ädimleri ätmek, göni aragatnaşyk üçin platformany döretmek, şunlukda, her bir ýurduň bu baradaky maglumatlaryna baha bermek we paýlaşmak üçin dessin habar beriş ulgamyny döretmek netijeli bolardy. Şu nukdaýnazardan, Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hazar deňziniň ekologiýasyna bagyşlanan sammiti geçirmek baradaky başlangyjyna ýokary baha berýär» diýip, ilçi belledi.
Çykyşda sebitde howpsuzlygyň bölünmezligi meselesine hem aýratyn üns berildi. Diplomat Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýada berkidilen bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtap, suw giňişligini parahatçylygyň we dostlugyň deňzi hökmünde gorap saklamaga ygrarlydygyny tassyklady.
Türkmenistanda Hazar deňziniň güni her ýyl 12-nji awgustda ýokary derejede bellenilýär. Bu sene Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň (Tähran konwensiýa) güýje giren güni bilen baglydyr.