«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň gününe bagyşlanan «Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu foruma Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň geňeşçi-wekili Pýotr Şukin gatnaşdy.
Russiýaly diplomaty öz çykyşynda bäş sany Hazarýaka döwletiniň ylmy we tehniki kuwwatyny birleşdirmegiň zerurdygyny nygtady. Howanyň üýtgemeleriniň ýetirýän zyýanyny azaltmak maksady bilen, Pýotr Şukin bäştaraply iş toparlaryny we bar bolan sebit gurluşlaryny, şol sanda Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy boýunça utgaşdyryjy komitetini netijeli peýdalanmaga çagyrdy. Bu ugurda diplomat Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başyny başlan mowzuklaýyn çuňlaşdyrylan ekologiýa sammitiniň ýokary wezipesini belledi.
«Bäşligiň» işjeň bilelikdäki tagallalary, bilermenlerimiziň, şol sanda degişli bäştaraplaýyn toplumlaryň çäklerinde berk hyzmatdaşlygy zerurdyr. Oktýabr aýynda şu ýerde, Awazada türkmen tarapynyň başlangyjy bilen geçiriljek Hazar deňziniň ekologiýasyna bagyşlanan sammitinde kabul ediljek çözgütleriň bu işe möhüm itergi berjekdigine umyt baglaýarys» diýip, russiýaly diplomat belledi.
Diplomatik wekilhananyň wekili Russiýanyň Hazar sebitini parahatçylyk, durnuklylyk we hoşniýetli goňşuçylyk giňişligi hökmünde saklap galmagy yzygiderli goldaýandygyny hem-de kenarýaka ýurtlaryň täze gurluşlaýyn başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny nygtady.