Şu günler «Daşoguzpagta» önümçilik birleşiginiň pagta arassalaýjy kärhanalarynda meýilleşdirilen işleriň tertibine laýyklykda täze pagta hasylyny kabul etmäge taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Kärhanalarda enjamlaryň, ammar jaýlarynyň, pagta çig malyny ýerleşdirmek we saklamak üçin niýetlenen desgalaryň toplumlaýyn öňüni alyş bejergisi we tehniki hyzmaty ýerine ýetirilýär.
Her ýyl geçirilýän möwsümleýin işler öňümizdäki täze hasyly gaýtadan işlemek döwründe kärhanalaryň bökdençsiz we netijeli işlemegini üpjün etmäge gönükdirilendir. Zerur bolan ýagdaýlarda dürli tehnologik enjamlaryň barlagy, sazlamasy we könelen şaýlarynyň çalşyrylmagy, geçiriji turbalaryň gündelik abatlaýyş işleri we arassalanmagy, önümçilik bölümleriniň, ýapyk we açyk çig mal meýdançalarynyň hem-de barlaghanalaryň öňüni alyş abatlaýyş işleri geçirilýär.
Elektrik enjamlarynyň howpsuz ulanylmagyna, ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, şeýle hem daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almaga aýratyn üns berilýär. Öňüni alyş işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegi birleşigiň kärhanalaryna pagtany gaýtadan işlemek möwsüminde ýokary hilli önüm öndürmäge, şol sanda pagta süýüminiň tebigy hilini gorap saklamaga mümkinçilik berer.
Belläp geçmeli zat, Daşoguz welaýaty ýurtda orta süýümli görnüşli pagtanyň iri öndürijileriniň biridir. Welaýatda häzirki zaman gaýtadan işleýän önümçilikleriň ösen ulgamy hereket edýär. Olaryň hatarynda Köneürgenç etrabynda ýerleşýän, tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen, ýylda 40 müň tonna önüm öndürmäge kuwwatlylygy bolan döwrebap kärhana hem-de birbada 10 müň tonna pagta çig malyny saklamaga niýetlenen pagta kabul ediş terminaly bar.
Soňky ýyllarda döwlet tarapyndan maksada gönükdirilen goldawyň netijesinde Akdepe etrabynyň we Görogly etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanalarynda tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyryş işleri geçirildi.
Şeýle hem diňe «Daşoguzpagta» önümçilik birleşiginiň düzüminde hasyly kabul etmek, ilkinji gezek işlemek, agramyny çekmek, hiline baha bermek, wagtlaýyn saklamak we soňra pagta arassalaýjy zawodlara ugratmak üçin niýetlenen kyrkdan gowrak pagta kabul ediş nokady hereket edýär.