Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin täze okuw kitaplary neşir edildi. Neşirler Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan makullanyp, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edildi.
Lukmançylyk hünärleri boýunça bilim alýan talyplar üçin M.Çaryýewiň awtorlygynda taýýarlanan «Andrologiýa» atly täze okuw kitaby neşir edildi. Okuw kitaby «Andrologiýa» dersi boýunça okuw maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanypdyr. Kitapda andrologiýanyň umumy meseleleri, şol sanda erkek jyns ulgamynyň anatomiýasy we fiziologiýasy, andrologik keselleriň alamatlary, olary anyklamagyň usullary hem-de ýöriteleşdirilen barlaglaryň görnüşleri beýan edilýär. Şeýle hem okuw kitabynda ilatyň arasynda has köp duş gelýän andrologik keseller, olaryň sebäpleri, patogenezi, kliniki geçiş aýratynlyklary, anyklanylyşy we bejeriş usullary giňişleýin beýan edilýär.
Esasan, Türkmenistanyň Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary üçin niýetlenen bu okuw kitaby saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çekýän lukmanlar üçin hem peýdaly gollanma bolup hyzmat eder.
Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin niýetlenen beýleki täze okuw kitaby – «Ykdysatçylar üçin iňlis dili» («English for Economists») atly neşiri A.Sätgeldiýewa bilen G.Hallyýew taýýarladylar.
Okuw kitaby 13 tematik bölümi öz içine alýar. Olaryň her birinde ýöriteleşdirilen söz baýlygyny öwrenmek we berkitmek boýunça türgenleşikler ýerleşdirilen. Tekst materiallary talyplara geçilen temalara düşünendigini barlamaga we täze öwrenilen sözleri iş ýüzünde ulanmaga mümkinçilik berýän ýumuşlar bilen utgaşdyrylan.
Mundan başga-da, neşirde häzirki zaman okatmagyň usullary, şol sanda ýagdaýlary modelirlemek, keşpler boýunça oýunlar we amaly ýagdaýlaryň seljermesi ýaly usullar hödürlenýär. Olar talyplaryň tankydy pikirlenişini we kommunikatiw başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Talyplaryň özbaşdak işine hem aýratyn üns berlip, bu olara beýan edilen temalary has çuňňur özleşdirmäge ýardam eder.
Okuw kitaby ykdysadyýet boýunça bilimleriň gerimini giňeltmäge we hünär dil başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Neşir ýörite maksatlar üçin iňlis dilini (ESP – English for Specific Purposes) öwrenmekde hem-de talyplary ykdysadyýet ulgamyndaky hünär işine taýýarlamakda gymmatly çeşme bolup hyzmat eder.
Ykdysady hünärler boýunça bilim alýan talyplara niýetlenen bu kitap ýöriteleşdirilen iňlis dilini ulanýan degişli ugurdaky hünärmenler üçin hem peýdaly gollanma bolar.