14.04.2024
5932
«Barokko-Bagşy» – iki medeniýetiň, ýörelgeleriň we döwrüň dueti
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Ýaşlar kamera orkestri bilen bilelikde fransuz pianinoçysy Joanna Gudalyň «Barokko-Bagşy» konserti geçirildi.
14.04.2024
6508
ATF-iň başlygy: «Türkmenistanda Aziýa sebitiniň türgenleşik merkezini döretmek üçin ähli şertler bar»
Ozal habar berlişi ýaly, Halkara tennis federasiýasynyň prezidenti (HTF) Dewid Haggertiniň we Aziýa tennis federasiýasynyň (ATF) prezidenti Ýuriý Polskiniň ýakynda ýurdumyza eden ilkinji gysga wagtlyk sapary Türkmenistanyň sport durmuşynda belli waka boldy.
13.04.2024
6754
Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary informatika boýunça Aşgabatda geçiriljek halkara olimpiada gatnaşar
2024-nji ýylyň 15–20-nji aprelinde Aşgabatda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň guramagynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda informatika boýunça II Açyk halkara olimpiada geçiriler.
13.04.2024
7917
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2024-nji ýylyň 12-nji aprelinde Minsk şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
13.04.2024
7192
Eziz Diýarymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahata taýýarlyk görülýär
Türkmenistanda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak çäreleriň çäklerinde 18-nji maýda geçiriljek «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahata taýýarlyk görülýär.
13.04.2024
5277
Türkmenistanda haýyr-sahawat etmek maksady bilen, menzilara töleg etmek hyzmatlaryny işe girizilýär
Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, şol sanda haýyr-sahawat etmek maksady bilen, menzilara töleg etmek hyzmatlaryny işe girizmek babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.
13.04.2024
5629
Rumyniýada geçiriljek “TIBCO — 2024” halkara sergisine Türkmenistanyň öz milli ekspozisiýasy bilen gatnaşar
Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew şu ýylyň 16 — 19-njy maýy aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde geçiriljek “TIBCO — 2024” halkara sergisine Türkmenistanyň öz milli ekspozisiýasy bilen gatnaşmagy boýunça ýerine ýetirilýän işler barada aýtdy.
13.04.2024
6054
Milli kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär
Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
13.04.2024
18391
Ýabany çigildemler gülleýär
Aprel aýy liliýalar kösükli ösümlikler maşgalasyndan pajarlap ösýän ösümlikleriň arasynda ýabany çigildemleriň – ösümlikleriniň peýda bolýan ajap döwri. Bu güller az wagtda Köpetdagyň eteginiň düz ýerlerine we baýyrlaryna ajap görnüş berýär.
13.04.2024
5187
Türkmenistanda köp görkezijili toparlaýyn barlag geçirmek boýunça işler tamamlandy
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti ÝUNISEF-iň we ÝUNFPA-nyň goldawy bilen, Türkmenistanda köp görkezijili toparlaýyn barlag (MICS7) geçirmek boýunça meýdan işlerini üstünlikli tamamlady. 2024-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri geçen bu barlagyň çäginde jemi 6800 hojalyga barlyp görüldi.