Ï Milli kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milli kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär

view-icon 1883

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda iş toparlary tarapyndan Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak hem-de “Bedenterbiýe we sport hakynda”, “Tohumçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça netijeli işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi.