Ï Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

view-icon 2074
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2024-nji ýylyň 12-nji aprelinde Minsk şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. 

Duşuşyga Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri D.Baýramow, Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Aleýnik, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriň orunbasary, Daşary işler ministri M.Nurtleu, Gyrgyzystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Ž.Kulubaýew, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrow, Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Muhriddin, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri B.Saidow, Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Safarýan, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdiýew, GDA-nyň Baş sekretary S.Lebedew gatnaşdylar.

Dar düzümdäki duşuşykda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary halkara gün tertibindäki wajyp meseleler we Arkalaşygyň meýdançasyndaky özara gatnaşyklar barada pikir alyşdylar. Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň indiki mejlisiniň geçiriljek senesi we ýeri barada çözgüde gelindi we ony 2024-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Moskwada geçirmek meýilleşdirildi.

Giňişleýin düzümdäki duşuşykda wekiliýetleriň ýolbaşçylary GDA agza ýurtlara ugradylýan wekiliýetleriň hukuk ýagdaýy baradaky Konwensiýanyň taslamasyna garamak ýaly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň agzalary agzalan resminamany golladylar.

Konwensiýany baglanyşmagyň maksady Arkalaşyga agza ýurtlaryň wekiliýetleriň saparlaryny guramagyň amaly meselelerini halkara hukuk derejesinde düzgünleşdirmekden ybaratdyr.

Resminama adalgalar binýadyny, wekiliýetleri ibermegiň we degişli hünärmenleri bellemegiň tertibini kesgitlär, şeýle hem wekiliýet agzalarynyň öz wezipelerini ýerine ýetirmekleri üçin zerur bolan artykmaçlyklary we eldegrilmesizligi düzgünleşdirer.

Daşary işler ministrleri ýakyn iki ýyl üçin GDA-nyň sport paýtagtlaryny kesgitlediler. Hususan-da, 2025-nji ýylda Ganja şäheri (Azerbaýjan Respublikasy) Arkalaşygyň Sport paýtagty derejesini alar, 2026-njy ýylda Almaty şäheri (Gazagystan Respublikasy) GDA-nyň sport merkezine öwrüler.

Şeýle-de mejlisiň barşynda geçen ýyl üçin Arkalaşyga agza ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça Hereketleriň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň netijeleri makullanyldy.

Duşuşykda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna BMG-niň Baş Assambleýasynda synçy derejesiniň berilmeginiň 30 ýyllygy bilen baglanyşykly Beýannama hem gol çekildi.

GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Minsk şäherinde Russiýanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň – Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ýedinji duşuşygy geçirildi. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary 2022-nji ýylyň oktýabrynda döwlet Baştutanlarynyň bu formatdaky ilkinji sammitiniň netijelerini durmuşa geçirmek nukdaýnazaryndan alty taraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda wajyp halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alşyldy. Ekologiýa meselelerine we bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň geljegine hem aýratyn üns berildi.