Ï Türkmenistanly agyr atletikaçy Dünýä Kubogynda silterläp götermekde altyn medal we 2024-Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly agyr atletikaçy Dünýä Kubogynda silterläp götermekde altyn medal we 2024-Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazandy

view-icon 2161
Türkmenistanly agyr atletikaçy Dünýä Kubogynda silterläp götermekde altyn medal we 2024-Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazandy
camera-icon
IWF

Türkmenistanly 23 ýaşly sport ussady Dawranbek Hasanbaýew agyr atletika boýunça Phuketde (Taýland) geçýän Dünýä Kubogynda silterläp götermekde altyn medal gazandy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby bu üstünlige medal we 2024-nji ýyl Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk ugrunda 40 türgeniň bäsleşýän 102 kilograma çenli agram toparynda ýetdi.

Silterläp götermek Dawranbek üç synanyşygyň üçüsini-de üstünlikli ulanyp, gezek-gezegine 180 kg, 185 kg we 187 kg göterdi. Şeýlelikde, birinji maşkdan soň türgenimiz 28 ýaşly Lesman Paredes Montanodan (Bahreýn) 1 kg, ýaşlar arasynda üç gezek dünýä çempiony bolan 20 ýaşly Garik Karapetýandan (Ermenistan) 2 kg artyk göterdi.

Itekläp galdyrmakda D.Hasanbaýew on dördünji netijäni görkezdi (205 kg). Netijede, iki görnüşiň jemi boýunça ildeşimiz Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) baýdagy astynda çykyş eden belarusly 2019-njy ýyl dünýä çempiony we iki gezek Ýewropa çempiony Ýewgeniý Tihontsowdan 8 kg az (392 kg) götermek bilen, 5-nji orny eýeledi. Ýewgeniý Tihontsow bolsa 400 (183 + 217) kg galdyryp, bürünç medal gazandy. Kümüş medal Garik Karapetýana (Ermenistan) miýesser etdi – 401 kg (185 + 216). Altyn medala itekläp götermekde iki dünýä rekordyny goýan iki görnüşiň jemi boýunça 2023 ýyl dünýä çempiony, 2022-nji ýyl dünýä çempionatynyň bürünç medalçysy, 2023-nji ýylda Aziýa çempiony Lýu Huanhua (Hytaý) – 413 kg (181 + 232) mynasyp boldy.

Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) metbugat gullugy 102 kilograma çenli agram toparynda geçen bäsleşigiň netijelerine düşündiriş bermek bilen, Hasanbaýewiň penşenbe güni tamamlanjak Dünýä Kubogynda reýtinginde iň uly üýtgeşme amala aşyrandygyny nygtaýar.

«Ol howany ýumruklady, sesiniň ýetdiginden gygyrdy we ştangany öpdi» diýlip, IWF-niň Dawranbek 26-njy ýerden 8-nji orna çenli adatdan daşary böküş edip, dünýä reýtingindäki ornuny 18 birlik ýokarlandyrandan soň, türkmen agyr atletikaçynyň çykyşy barada beren habarynda aýdylýar. 102 kilograma çenli agram toparynda iň oňat 10 agyr atletikaçylyga giren D.Hasanbaýew 2024-nji ýylyň 26-njy iýulyndan 12-nji awgustyna çenli Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk aldy.

Dawranbek Hasanbaýew IWF bilen söhbetdeşlikde: «Bu diňe bir meniň üçin däl, topardakylaryň hemmesi üçinem ajaýyp duýgy» diýdi.

Dawranbekiň häzirki üstünligi 2024-nji ýylyň Dünýä Kubogy başlanmazdan ozal, onuň Olimpiýa ygtyýarnamasyny gazanyp biljekdigine ýek-ýarym hünärmeniň umyt edenligi bilen hem bellenmäge mynasypdyr. Megerem, şonuň üçin toparymyzyň tälimçileri D.Hasanbaýewi has gowşak «B» toparyna goşup, iň güýçli «A» toparynda çykyş edýän Şahzadbek Mätýakubowa umyt baglandyrlar.

Ondan soňky wakalaryň görkezişi ýaly, Şahzadbek silterläp götermekde sekizinji (176 kg), itekläp götermekde dokuzynjy (210 kg) netije görkezip, iki görnüşiň jeminde 386 kg götermek bilen, sekizinji orny eýeledi. Dawranbek bolsa polat ýaly erkini we tutanýerli häsiýetini ýüze çykarmak bilen, Er-Riýadda (Saud Arabystany) 2023-nji ýylda geçirilen soňky dünýä çempionatynda görkezen iň gowy netijesini 19 kg artdyryp, jemi 373 kg (silterläp götermek – 178, itekläp götermek – 195) göterip, 18-nji ýeri eýeledi.

D.Hasanbaýewiň 2024-nji ýyl Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanmagyna 102 kilograma çenli agram toparynda yglan edilen 40 sportçynyň 15-siniň sahna çykmandygy ýa-da silterläp götermekde ýa itekläp götermekde goýlan agramyň hiç biriniň hötdesinden gelip bilmän, ýaryşy nol utuk bilen tamamlamagy-da ýardam etdi.

Baýrak gowşurylyş dabarasyndan soň Dawranbek özüniň iň gowy netijesini 19 kg artdyrmaga mümkinçilik beren strategiýasy üçin tälimçileriniň adyna öwgüli sözler aýtdy. Ol, şeýle hem Olimpiýa oýunlarynyň öňýanyndaky Dünýä Kubogyna taýýarlygyň çäginde diýseň berk düzülen gün tertibini ýerine ýetirip, örän yhlas bilen türgenleşendigini boýun aldy.

«Şu soňky iki aýdaky ýaly türgenleşmegimi dowam etdirsem nesip bolsa, Parižde-de medal gazanaryn» diýip, D.Hasanbaýew Phuketde geçirilen dünýä çempionatynda çykyşyny jemledi.

Dawranbek Hasanbaýew agyr atletika bilen meşgullanmaga Daşoguz welaýatynda başlapdy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mansur Rejebowyň ýolbaşçylygynda ussatlygyny artdyrýar.

Dawranbekiň öňünde dartgynly türgenleşik aýlary bar, bu döwürde Olimpiýa medalyny gazanmak üçin ol agyr atletika ýaryşynyň iki görnüşiniň ikinji maşkynyň üstünde çynlakaý işlemeli bolar.

Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) türgenleriň soňky Olimpiýa saýlaw reýtingini 24-nji maýda çap eder.

Häzirlikçe bolsa, Taýlandda geçýän Dünýä Kubogynda zenanlar we erkekler üçin soňky Olimpiýa ygtyýarnamalary ugrunda bäsleşmek galdy.

Agramy 81 kilograma çenli zenan toparynda toparymyzdaky ajaýyp jynsyň iň soňky wekili Anamjan Rüstamowa silterläp götermekde onunjy (110 kg), itekläp galdyrmakda on altynjy (130 kg) we iki ýaryşyň jemi boýunça (240 kg) netijäni görkezip, 34 agyr atletikaçynyň arasynda 11-nji ýeri eýeledi.

2024-nji ýyldaky Dünýä Kubogynyň soňky gününde Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň düzüminde 109 kilogramdan ýokary agram toparynda hormat münberine Hojamuhammet Toýçyýew çykar.