Ï Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary informatika boýunça Aşgabatda geçiriljek halkara olimpiada gatnaşar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary informatika boýunça Aşgabatda geçiriljek halkara olimpiada gatnaşar

view-icon 1979
Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary informatika boýunça Aşgabatda geçiriljek halkara olimpiada gatnaşar

2024-nji ýylyň 15–20-nji aprelinde Aşgabatda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň guramagynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda informatika boýunça II açyk halkara olimpiada geçiriler. 

Şeýle hem olimpiadanyň çäginde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyplaryň ylmy garaýyşlary» atly halkara ylmy-amaly maslahat guralar.

Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygynyň saýtynda habar berlişi ýaly, dürli ýurtlardan gatnaşýanlaryň arasynda bu olimpiada Russiýanyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem gatnaşar. Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygynyň konsullyk etrapçasynda ýerleşýän Kazan milli derňew tehnologiýa uniwersiteti (KMDTU-KHTI) we akademik S.P.Korolýow adyndaky Samara milli derňew uniwersiteti-de şol ýokary okuw mekdepleriň hataryndadyr. Hususan aýdylanda, olimpiada KMDTU-dan 9 talyp, SamDU-dan bolsa 5 talyp gatnaşar.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň maglumatlaryna görä, olimpiada şahsy bäsleşik görnüşinde iki tapgyrda geçiriler. Olimpiada islendik hünärde we ugurda hünärmen, bakalawr we magistr maksatnamalary boýunça okaýan talyplar gatnaşyp bilerler.

Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň informatika boýunça Aşgabatda geçiriljek halkara olimpiada gatnaşmagy talyplardyr mugallymlaryň başga ýurtlardan bolan kärdeşleri bilen bilimdir tejribe alyşmak islegini nygtaýar. Şunuň ýaly çärelere gatnaşmak olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, tejribesini baýlaşdyrmaga we halkara gatnaşyklaryny berkitmäge, ylmy jemgyýetiň hem bilimiň ösmegine goşant goşýar.