Ï Kitap ynsanyýetiň ruhy hazynasydyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kitap ynsanyýetiň ruhy hazynasydyr

view-icon 1371
Kitap ynsanyýetiň ruhy hazynasydyr

Aşgabat şäher medeniýet bölüminiň merkezleşdirilen kitaphana ulgamynyň Magtymguly adyndaky Merkezi kitaphanasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyna bagyşlanan «Kitap ynsanyýetiň ruhy hazynasydyr» atly döredijilik duşuşygy boldy.

Duşuşyga gatnaşanlar «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy bileşdirýän uly wakalar» we «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly üç babyň baý mazmunyny derňäp, olaryň okyjylara halkymyzyň gadymy taryhy we köptaraply medeni mirasy, döwürleriň arabaglanyşygy we maddy hem maddy däl medeni ýadygärlikleriň umumadamzat gymmaty barada täze maglumatlar berýändigini aýtdylar. Türkmen topragynda müňlerçe ýyllaryň dowamynda döredilen medeni gymmatlyklar tutuş adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine uly goşant goşýar.

Söhbetdeşligiň barşynda gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyň türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilmegi şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy bilen has çuňňur mana eýe bolandygy bellendi.

Türkmen halkyny häzirki taryhy şertlerde ata-babalaryň şöhratyny artdyrýan täze üstünliklere ruhlandyrýan bu kitap Türkmenistanyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine we wagyz edilmegine gymmatly goşant boldy.