Ï Kosmosda bolmagyň rekordçysy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kosmosda bolmagyň rekordçysy

view-icon 1325
Kosmosda bolmagyň rekordçysy

Kosmonawt Oleg Kononenkonyň 23-nji sentýabra meýilleşdirilen (umumy iş tejribesindäki bäşinji) uçuşy tamamlanandan soň, onuň agramsyzlyk ýagdaýynda geçiren umumy wagty 1110 gije-gündize barabar bolar. Kosmosda bolmagyň rekordy! Hawa! Mamla — rast! Bu gün, kosmonawtika gününde, bu barada birnäçe gezek ýatlajakdyklaryna, ýazjakdyklaryna we gürlejekdiklerine ynanýaryn. Kimdir biri bu rekord ýöne at üçindir öýdýän bolsa, men muny derrew ýalana çykarmaga girişerin. Ýok, elbetde, islendik üstünlik, aslynda, onuň hatyrasyna başlanan işiň üstünligidir.

Aýdaly, sportdaky rekord, başga biri ony has gowy edýänçä, bir adamyň üstünligi bolup galýar. Şeýle-de bolsa, kosmosdaky rekord — uly howp bilen baglanyşykly adatdan daşary iş. Şonuň üçin-de munuň ýaly üstünligi jemgyýetiň, ýurduň we muňa goşant goşan halkyň üstünliginden aýryp bolmaz. Çärjew (häzirki Türkmenabat) şäherinde doglan ildeşimiziň üstünliginiň sebäbini bilmek üçin, bu ýerde nähilidir bir rowaýat düzmek hökman däl. Çünki, ol kiçilikden özbaşdaklyga öwrenişipdi, hemme ýerde we hemme zatda diňe belli hereketler bilen özüni ykrar etdirmek isleýärdi. Şunuň ýaly şahsy häsiýetler mekdepde, maşgalada we iş toparynda gazanylýar.

Adaty maşgalada önüp-ösen (Olegiň kakasy Dmitriý Iwanowiç ýük ulagy kompaniýasynda sürüji bolup işleýärdi, ejesi Taisiýa Stepanowna bolsa howa menzilinde aragatnaşyk operatorydy) Oleg heniz mekdepde okaýarka, «ejem ogullarynyň» sylanmaýandygyna göz ýetirýär. Şunuň netijesinde okuwda örän gowy, zähmetde adatdan daşary yhlas we maksadyňa ýetmekde tutanýerlilik häsiýetini edinýär.

Goňşy çagalar bilen dostlugy Olegiň türkmen dilini özleşdirmegine kömek edýär. Şeýdip, ýene bir «bäşlik» — «türkmen dili» sapagyndan bäşlik peýda boldy. Çärjewiň merkezi etrapçasynda, Kononenkolaryň maşgalasynyň ýaşaýan öýüniň gapdalynda sport meýdançasy bardy. Gyşda — hokkeý, tomusda — woleýbol we futbol. Şonuň üçin-de bedenterbiýe sapagynda-da Olegiň diňe «bäşlik» almagy geň däldi. Woleýbola bolan höwesi çynlakaýdy. Şu höwes-de geljekki kosmonawtyň Türkmenistanyň ýaşlar toparynda woleýbol ýaryşlaryna gatnaşmagyna sebäp boldy.

Olegiň synpdaşlarynyň köpüsi mekdepden soň ýokary okuw mekdeplerine girdi, onuňky bolsa şowuna bolmady. Harkowyň N. Žukowskiý adyndaky uçarçylyk institutyna ilkinji ýyl girip bilmedi. Uçarman bolmak baradaky çagalyk arzuwy aňsatlyk bilen amala aşmaýardy. Ýene-de okuw kitaplary, geçilenleri gaýtalamak we ýerli howa menzilinde iş. Ikinji synanyşyk şowly boldy.

Samaradaky ylmy kärhanada işlemek üçin şahsy çakylyk Harkowyň N. Žukowskiý adyndaky aerokosmos ýokary mekdebini tamamlanlaryň hemmesine berilmedi. Oleg Kononenka şunuň ýaly şahsy çakylyk nesip etdi. Onuň taýýarlan ýörite referatlary we nutklary, şeýle hem ylmy işe bolan hyjuwly höwesi özüni bildirdi. Ýokary mekdepde öwrenen zatlary oňa kosmos gämileriniň öňdebaryjy gurujylaryndan biri bolmaga ýol açdy.

Mekdep ýyllarynda bolşy ýaly, Oleg institutda-da, ondan soňam sportdan el çekmedi we gowy beden gurluşyny saklady. Ähtimal, bu şahsy häsiýetleriň hemmesi bilelikde we çagalykda goýlan maksada ýetmek baradaky hyjuwly isleg 1996-njy ýylda lukmançylyk synagyndan, bu gezek ilkinji synanyşykda, üstünlikli geçip, kosmonawt toparyna ýazylmagyna sebäp bolandyr.

Kosmonawt Oleg Kononenkonyň şondan soňky zähmet ýoly-da synaglaryň we ynanyp bolmajak kynçylyklaryň üstünden geçdi, ýöne çagalyk döwründe özünde jemlän şahsyýet aýratynlyklary elmydama oňa olary üstünlikli ýeňmäge kömek etdi. Ol ýene-de kynçylyklary ýeňer. Mende, näme üçindir, onuň goýan rekordyny geljekde diňe özüniň täzeläp biljekdigine ynam bar. Iň bolmanda, muňa çynym bilen ynanasym gelýär, sebäbi kosmos diňe Oleg Kononenko ýaly adamlara boýun bolýar. Kosmonawtyň özi bolsa üstünlikleriniň, esasan, ýakynlarynyň goldawyna baglydygyny boýun alýar: «Aýalym Tatýana Mihaýlowna, oglum Andreý we gyzym Alisa — hemişe ýanymda».

Russiýanyň we Türkmenistanyň Gahrymanyny türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow rekordy bilen gutlady. Gahryman Arkadagymyzyň Gutlagynda, hususan-da, «Türkmenistanyň halkynyň we döwlet baştutanynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi uly üstünlikleriňiz — Ýeriň kosmos orbitasynda bolmagyň dünýä rekordy bilen gutlaýaryn!» diýilýär. Gutlag: «Häzirki kosmosdaky wezipäňiz tamamlanandan soň, türkmen halky, Sizi Magtymgulynyň ýyl dönümi mynasybetli baýramçylykda Türkmenistanda görmäge şat bolar» diýen sözler bilen tamamlanýar.

Oleg Kononenkonyň çakylykdan hökman peýdalanjakdygyna şek ýok, hemmämiz bolsa meşhur ildeşimiz bilen onuň ilkinji Watany Türkmenistanda ýene-de duşuşyp bileris.