Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze oba» daýhan birleşiginiň çäginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Täze aý önümleri» hojalyk jemgyýetiniň kuwwatlylygy bir ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işleýän kärhanasynyň açylyş dabarasy boldy.
Şu gün ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli giň gerimli dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar Aşgabat atçylyk sport toplumynda geçirildi. Bu ýerde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň hem-de alabaýlaryň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlendi.
A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň sahna ussatlary diňe teatrlaryň tomaşa zallarynda däl, eýsem, güneşli Diýarymyzyň çar künjeginde hem yzygiderli çykyş edýärler.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda «Karaoke» konsert bäsleşigi geçirildi. Ol estrada sungaty bölüminiň bir hepde dowam eden konsertlerini jemlän ahyrky çykyş boldy.