Ï Türkmen halkynyň beýik gymmatlygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň beýik gymmatlygy

view-icon 211
Türkmen halkynyň beýik gymmatlygy

Döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer daşary syýasatynyň netijesinde hil taýdan täze derejä eýe bolan, Bitaraplyk taglymatynyň sebitdäki, şeýle hem dünýä derejesindäki ähmiýeti Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe barha artýar. Çünki, döwlet özygtyýarlylygyny pugtalandyrmak bilen halkara gatnaşyklar ulgamynda Türkmenistanyň mynasyp orny eýelemegi; netijeli daşary syýasat esasynda durnukly ösüşiň üpjün edilmegi; emele gelen halkara diplomatik tejribe binýadynda Türkmenistanyň milli bähbitleriniň goralmagy we amala aşyrylmagy; ýurdumyzyň howupsyzlygynyň syýasy diplomatik serişdeler arkaly üpjün edilmegi; Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň halkara hukuk kadalaryna we BMG-niň Tertipnamasyna doly laýyk gelmegi we beýleki esas goýujy wezipeleriň ýerine ýetirilmegi türkmen bitaraplygynyň mazmunyny baýlaşdyrýar.

Beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar – Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem ýurdumyzyň halkara derejesindäkiat-abraýynyň barha ýokarlanýandygyny dabaralandyrdy. Ýer ýüzüniň 78 döwletiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň bu Kararnamasynyň awtordaşy bolup çykyş etmegi bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek boýunça tagallalarynyň ählumumy derejede goldanylýandygyny, Hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen ýurdumyza dünýäniň buýsanýandygyny görkezdi.

Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny umumadamzat ähmiýetli beýik işleri bilen dowamat-dowama besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz 2025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisiniň ilkinji gününe gatnaşyp çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz özüniň taryhy çykyşynda ýurdumyzyň hemişe ähli halkara başlangyçlaryny BMG-niň Tertipnamasyna we esas goýujy resminamalaryna, uzak möhletli maksatlaryna laýyk getirýändigini nygtap, birnäçe başlangyçlar bilen birlikde, halkara hukugyň berkidilmegini, halkara kadalaşdyryş binýadynyň kämilleşdirilmegini, BMG-niň konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň we beýleki köptaraplaýyn resminamalarynyň durmuşa geçirilişiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmegiň bähbidine 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. Hormatly Prezidentimiziň bu teklibi halkara jemgyýetçiliginde parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň halkara hukuk binýatlaryny pugtalandyrmakda möhüm ädim hökmünde ykrar edildi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisinde eden taryhy çykyşynda bu taryhy waka barada: «Bitaraplyk türkmen halkynyň beýik gymmatlygydyr. Türkmenistanyň öz Bitaraplygy bilen halkara we sebit ýagdaýlarynyň birnäçesini parahatçylykly ýol bilen çözmäge uly goşant goşandygyny bellemek isleýärin»-diýip nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçen bu ählihalk forumynyň mejlisinde “Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasyny tassyklamagy bolsa «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamany durmuşa geçirmekde we Türkmenistanyň daşary syýasatynyň halkara hukuk esaslaryny has berkitmekde, şeýle-de, hemişelik Bitaraplygyň amaly mümkinçiliklerini açmak boýunça çäreleriň bitewi döwlet ulgamyny emele getirmekde aýdyň ýol boldy.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen Bitaraplyk we parahatçylyk kafedrasy hem «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamada öňe sürülen maksatlara ýetmekde amatly meýdança bolup hyzmat eder.

Bu barada Milli Liderimiz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäherinde geçen okuw sapagynda Bitaraplyga ýöriteleşen halkara hünärmenleri taýýarlamak bu işiň örän möhüm tarapy bolup durýandygy barada aýdan nesihatlary biz ýaşlar üçin aýratyn ähmiýetli boldy. Milli Liderimiziň nygtaýyşy ýaly: « Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasy geljekde öz işini has-da güýçlendirer, düýpli ylmy-barlag işlerini alyp barar. Institutda parahatçylygyň, bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň akademiki merkezini döretmek üçin geňeşmeler geçiriler. Şeýlelikde, ahyrky netije Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek bolup durýar».

Milli Liderimiziň öwredişi ýaly bitaraplyk diňe bir syýasat däldir! Halkara hyzmatdaşlygyň nusgasy hökmünde bitaraplyk ykdysadyýeti, ylym-bilimi, tehnologiýalary, medeniýeti, sporty, maglumat we kommunikasiýany hem-de ençeme beýleki ugurlary öz içine alýar.

Bitaraplyk ýörelgelerimiziň esasynda düşünişmek, ynanyşmak, deňeçer bähbitlilik medeniýetini ösdürip adamzadyň beýik geljeginiň hatyrasyna parahatçylygy bina edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Milli Liderimiziň il, ýurt, umumadamzat ähmiýetli tagallalary hemişe rowaçlyklara beslensin. Janlary sag, belent başlary aman bolsun.


Jemile Hojammmaýewa, 
Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.