Ï Türkmenistanyň dokma önümleri Polşada geçiriljek «Fast Textile – 2026» halkara sergisinde görkeziler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň dokma önümleri Polşada geçiriljek «Fast Textile – 2026» halkara sergisinde görkeziler

view-icon 91
Türkmenistanyň dokma önümleri Polşada geçiriljek «Fast Textile – 2026» halkara sergisinde görkeziler

Türkmenistan özüniň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça amaly çäreleri durmuşa geçirmegini dowam etdirýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N. Atagulyýew ýurdumyzyň dokma senagatynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu ugurda alnyp barylýan işleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň Polşa Respublikasynyň Žguw şäherinde 2026-njy ýylyň noýabr aýynda geçiriljek «Fast Textile 2026» atly halkara sergisine gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Sergide Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli dokma kärhanalarynda öndürilýän eksport ugurly önümler bilen tanyşdyrmak meýilleşdirilýär. Serginiň dowamynda özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dokma senagatyna degişli önümçilik toplumlarynda ýokary hilli dokma önümleriniň öndürilýändigini we daşary ýurtlara giňden eksport edilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň Polşa Respublikasynda geçiriljek halkara sergä gatnaşmagy boýunça taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.