Ï “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşiginde ýeňiji bolan türkmen alabaý itiniň eýesini “Toýota Camry” kysymly ýeňil awtoulagy bilen sylaglamak bellenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşiginde ýeňiji bolan türkmen alabaý itiniň eýesini “Toýota Camry” kysymly ýeňil awtoulagy bilen sylaglamak bellenildi

view-icon 123

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli türkmen alabaý itleriniň arasynda geçirilýän «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisini höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 2026-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde türkmen alabaý itleriniň arasynda geçirilen «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşikde ýeňiji bolan türkmen alabaý itiniň eýesini «Toyota Camry» kysymly ýeňil awtoulag bilen sylaglamak bellenildi.