2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçisi M.Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa meseleleri boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Muhammet Selami Ýazyjy bilen duşuşygy geçirildi.
25-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekanynda «Watansöýüjiligiň mekdebi» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, ýaş ýazyjy-şahyrlar gatnaşdy.
2026-njy ýylyň 23–24-nji noýabrynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde ýerleşýän Milletler Köşgünde Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) Döwlet-hususy hyzmatdaşlyk boýunça Iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi.
2026-njy ýylyň 24-nji noýabrynda Italiýa Respublikasynyň Turin şäherinde Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýewropa Bilim gaznasy (ÝBG) tarapyndan guralan Hünär başarnyklaryny ösdürmek boýunça Ählumumy sammite (Torino Global Skills Summit) gatnaşdy.