2026-njy ýylyň 23–24-nji noýabrynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde ýerleşýän Milletler Köşgünde Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) Döwlet-hususy hyzmatdaşlyk boýunça Iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Agzalan çäräniň işine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň wekillerinden ybarat bolan Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.
Türkmen tarapynyň bu çärä gatnaşmagy döwlet-hususy hyzmatdaşlyk ulgamynda öňdebaryjy halkara tejribäni öwrenmäge, amaly bilimler boýunça özara pikir alyşmaga hem-de degişli ugurda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmeklige oňyn mümkinçilikleri döretdi.
Mejlisiň çäklerinde döwlet-hususy hyzmatdaşlyk taslamalarynyň býujet durnuklylygyny üpjün etmek, nyrh elýeterliligi, şertnamalaýyn mehanizmleri kämilleşdirmek, sanly tehnologiýalary we emeli aňy ornaşdyrmak, şeýle hem durnukly düzümi ösdürmek ýaly möhüm meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşdy.
Şeýle hem, mowzuklaýyn maslahatlaşmalaryň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti agzalan çärä gatnaşyjylary döwlet-hususy hyzmatdaşlyk boýunça kadalaşdyryjy-hukuk we institusional binýady kämilleşdirmek, taslamalary taýýarlamagyň we bahalandyrmagyň netijeli mehanizmlerini kemala getirmek, şeýle hem hünärmenleriň bu ugurlarda hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly milli derejede alnyp barylýan yzygiderli işler bilen tanyşdyrdy.
Mejlisiň netijeleri boýunça döwlet-hususy hyzmatdaşlyk ulgamynda dört sany gollanma resminamasy hem-de bir sany halkara ülňüsi kabul edildi, şeýle hem Iş toparynyň 2027-nji ýyl üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Döwlet-hususy hyzmatdaşlyk boýunça nobatdaky halkara forumyny 2027-nji ýylyň 12–14-nji maýynda Portugaliýanyň Mafra şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.