Ï «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahata we sergä hem-de «Türkmentel — 2026» atly XIX halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahata we sergä hem-de «Türkmentel — 2026» atly XIX halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara

view-icon 69

Hormatly ulag-aragatnaşyk pudagynyň işgärleri!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi ýurdumyzda sanly özgertmeleriň depginini ýokarlandyrmakda, öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasion çözgütleri ornaşdyrmakda, ulag-aragatnaşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolan «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahatyň we serginiň hem-de «Türkmentel — 2026» atly XIX halkara serginiň we ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň, sanly çözgütleriň, ulag-logistika ulgamlarynyň özara sazlaşykly kämilleşdirilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmenistan «Açyk gapylar» syýasatyna eýermek bilen, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, sebit we dünýä derejesinde ulag hem-de aragatnaşyk arabaglanyşygyny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman şertlerinde gaýtadan dikeldilmegi ugrunda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň Ýewropa bilen Aziýanyň, Demirgazyk bilen Günortanyň arasynda möhüm ulag-logistika we aragatnaşyk köprüsi hökmünde ornuny has-da berkidýär. Şunda halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň ösdürilmegi, maglumatlary ýokary tizlikde we ygtybarly geçirmek, üstaşyr aragatnaşyk akymlarynyň möçberini artdyrmak, täze halkara ugurlary döretmek wajyp wezipeler bolup durýar.

Hormatly halkara çärelere gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sanly ykdysadyýeti ösdürmek, maglumat merkezlerini, giň zolakly internet üpjünçilik ulgamlaryny, bulutlaýyn tehnologiýalary we zatlaryň internetini kämilleşdirmek ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmagyň möhüm şertidir. Emeli aň tehnologiýalaryny önümçilikde, ulag-logistika ulgamlarynda, maglumatlary seljermekde, döwlet dolandyryşynda netijeli ulanmak hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Şeýle hem elektron hökümet ulgamyny ösdürmek, döwlet hyzmatlaryny sanly görnüşe geçirmek, maglumat ulgamlarynyň özara sazlaşykly işlemegini üpjün etmek sanly jemgyýeti kemala getirmegiň derwaýys ugurlarydyr. Sanly ulgamyň ilerlemegi bilen, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek, maglumat ulgamlaryny, aragatnaşyk torlaryny kiberhowplardan goramak, milli sanly başarnyklary ösdürmek hem aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Jemgyýetiň ýokary tizlikli aragatnaşyga bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, öýjükli aragatnaşyk torlaryny döwrebaplaşdyrmak, 4G+ we 5G tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça işler uly ähmiýete eýedir. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipeleriň durmuşa geçirilmegi hem bu ugurdaky ösüşlere täze itergi berer.

Gadyrly dostlar!

Ulag ulgamynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy täze mümkinçilikleri açýar. «Akylly» ulag dolandyryş ulgamlary, sanly logistika platformalary, elektron ýük resminamalary, ýükleriň hereketini hakyky wagt tertibinde yzarlamak, awtomatlaşdyrylan terminal çözgütleri gatnawlaryň tizligini, howpsuzlygyny hem-de netijeliligini ýokarlandyrýar. Häzirki zaman üstaşyr ulag geçelgeleriniň bäsdeşlige ukyplylygy olaryň üpjünçilik ulgamlarynyň özara utgaşdyrylmagyna, serhet we gümrük amallarynyň sanlylaşdyrylmagyna, demir ýol, awtomobil, deňiz, howa ulaglarynyň mümkinçilikleriniň netijeli birleşdirilmegine baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, multimodal gatnawlary ösdürmek, ýük dolanyşygyny kämilleşdirmek we olaryň üstaşyr geçiş wagtyny azaltmak möhüm wezipelerdir. Ulag akymlaryny emeli aňyň, uly maglumatlaryň esasynda dolandyrmak, gatnaw ugurlaryny amatly meýilleşdirmek, energiýa serişdelerini tygşytlamak, daşky gurşawa düşýän täsiri azaltmak hem bu pudagyň geljekki ösüşinde aýratyn orun eýeleýär.

Hormatly halkara çärelere gatnaşyjylar!

Bu halkara forumlar ulag-aragatnaşyk pudagynda gazanylan üstünlikleri we öňdebaryjy tejribeleri tanyşdyrmak, täze tehnologiýalary ara alyp maslahatlaşmak, ylmy-amaly, işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat eder. Bu çäreleriň täze gatnaşyklary ýola goýmaga, özara bähbitli taslamalary işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge giň mümkinçilikleri döretjekdigine berk ynanýaryn. Türkmenistan halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň arabaglanyşygyny pugtalandyrmak, üstaşyr aragatnaşyk akymlaryny ösdürmek, telekommunikasiýa üpjünçilik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyr.

Hormatly ulag-aragatnaşyk pudagynyň işgärleri!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahatyň we serginiň hem-de «Türkmentel — 2026» atly XIX halkara serginiň we ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.