Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landawy kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň Türkmenistan bilen deňhukuklylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady hem-de pursatdan peýdalanyp, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, Prezident Donald Trampa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Kristofer Landawyň ýurdumyza amala aşyrýan saparynyň Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirip, myhmanyň gepleşikleriniň netijeli, saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk köpugurly häsiýete eýe bolup, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýar. Hormatly Prezidentimiz syýasy-diplomatik gatnaşyklar barada aýdyp, soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda işjeň syýasy dialogyň alnyp barylýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “С5+1” formatyndaky sammite gatnaşmak üçin geçen ýylyň noýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waşington şäherine amala aşyran saparyna hem-de şu ýylyň fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Florida ştatyna amala aşyran iş saparyna ünsi çekdi.
Kristofer Landau geçen ýyl hormatly Prezidentimiziň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen bolan duşuşygynyň ähmiýetini belläp, bu duşuşykda gazanylan ylalaşyklaryň häzirki wagtda öz oňyn netijelerini berýändigini aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça yzygiderli duşuşyklar geçirilýär. Söwda-ykdysady gatnaşyklar hem netijeli ösdürilýär. Iki ýurduň arasynda bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek, özara söwda dolanyşygyny artdyrmak, maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek üçin giň mümkinçilikler bar. “Nicklaus Companies”, “John Deere”, “Case New Holland”, “Boeing” ýaly öňdebaryjy amerikan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň möhümdigini belläp, ýurdumyzyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, “ýaşyl” energetika, sanly ykdysadyýet, innowasiýalar, emeli aň ýaly ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.
Döwlet Baştutanymyz bilim, ylym, medeniýet, ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň uly ornuny nygtap, Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýokary okuw mekdepleri, ylmy-barlag edaralary bilen gatnaşyklary berkitmäge, bilelikdäki ylym-bilim taslamalaryny amala aşyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen uzak möhletleýin we köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygy tassyklanyldy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.