Ï Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

view-icon 71
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Häkim welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça işler dowam edýär. Ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul edilýär. Welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda dowam edýär. Hususan-da, ösüş suwuny tutmak, kadaly gögeriş alnan ýerlerde mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň, bugdaý meýdanlarynda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýokary hilli geçirmegiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we häkime degişli görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi R.Jumaýew sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin ýerlerde sürüm, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri dowam edýär. Sebitde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ekiş geçirilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary guramaçylyk derejesinde ýerine ýetirilmeginiň möhüm ähmiýetini aýdyp, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, welaýatyň gowaça meýdanlarynda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýygym möwsüminde ulanylýan kombaýnlar, beýleki oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ýygnalan hasyl pagta kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul edilýär. Şunuň bilen birlikde, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş alynýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, sebitde ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak işleri guramaçylykly dowam edýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda berk berjaý edilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, kabul ediş harmanhanalaryna tabşyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Geljek ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak üçin gowaça ekiljek meýdanlary sürmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim welaýatyň zähmetsöýer babadaýhanlary tarapyndan şaly tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilendigi barada aýtdy. Mundan başga-da, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazgylyjow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly bökdençsiz kabul etmek we talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Welaýatda gant şugundyrynyň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde welaýatlarda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Geljek ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri, hususan-da, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Daşoguz welaýatynda şaly hasylyny, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan wajyp wezipelere ünsi çekdi we wise-premýere möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli, agrotehniki möhletlerde geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin degişli işleri geçirmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini talabalaýyk alyp barmagy, haşal otlara garşy göreş çärelerini wagtynda guramagy, bugdaý meýdanlarynda birinji ösüş suwuny ýokary hilli tutup, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işlerini guramaçylykly ýola goýmagy, bugdaýdan kadaly gögeriş almak üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz geljek ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak meselesine ünsi çekip, gowaça ekiljek meýdanlarda şüdügär sürüminiň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegine pugta gözegçilik etmegi, gowaça ekiljek ýerleri fosfor döküni bilen iýmitlendirmegi, Daşoguz welaýatynda şalynyň, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almagy tabşyrdy. Welaýatlarda bugdaý, pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklary wagtynda geçirmek, sebitlerde açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamak babatda tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.