03.03.2023
5526
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen iki aýynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi, degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi, döwlet durmuşynyň beýleki käbir möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
03.03.2023
5127
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Wo Wan Thyonga Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
03.03.2023
4540
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
03.03.2023
5078
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetiniň mejlisiniň işine gatnaşdy
2023-nji ýylyň 1-2-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça komitetiniň 137-nji mejlisiniň işine gatnaşdy.
03.03.2023
7481
Türkmenistanly dzýudoçy Polşada geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda bürünç medal gazandy
Warşawada (Polşa) geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda türkmen dzýudoçysy Hakberdi Jumaýew bürünç medala mynasyp boldy.
03.03.2023
8268
«Materiallaryň garşylygy» dersi boýunça II Açyk halkara olimpiadasy bäsleşige çagyrýar
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, 2023-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Materiallaryň garşylygy» dersi boýunça II Açyk Halkara internet olimpiadasyny geçirýär we talyplary bu bäsleşige gatnaşmaga çagyrýar.
03.03.2023
7833
Konserwatoriýa: zenanlara söýgi bilen
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti boldy.
03.03.2023
5822
«Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy-amaly žurnalyň ilkinji sany çap edildi
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly çärýekde bir gezek çykýan internet-žurnalyň birinji sanyny neşir etdi, onda innowasion ylmy we tehnologiki ugurlary öz içine alýan köp sanly makalalar ýerleşdirilipdir.
03.03.2023
5651
Türkmen-eýran gümrük hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürilýär
2023-nji ýylyň 28-nji fewralynda türkmen-eýran döwlet serhedinde ýerleşýän «Howdan-Bajgyran» gözegçilik-geçiriş ýerinde, iki ýurduň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş duşuşygy we gepleşikler geçirildi. Duşuşykda türkmen-eýran gümrük hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmegiň möhüm meselelerine we ileri tutulýan ugurlaryna seredildi. Bu barada ýurdumyzyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web-saýtynda habar berilýär.
03.03.2023
9482
Aşgabatda «Iş nokady» at bilen ikinji hyzmatdaşlyk merkezi açyldy
«Iş nokady» hyzmatdaşlyk merkezi «Berkarar» söwda merkeziniň 1-nji gatynda ýerleşýän täze edara jaýynyň açylandygyny habar berýär.