28.02.2023
5370
Saýlawlara taýýarlyk: dalaşgärleri bellige almak tamamlandy
Türkmenistanda Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna 26-njy martda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk işleriniň möhüm tapgyry bolan dalaşgärleri bellige almak tamamlandy.
28.02.2023
7276
Türkmenistan global ulag gepleşiklerinde
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2023» atly II halkara maslahaty we sergini 3-4-nji maýda Aşgabatda geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu waka Türkmenistanyň halkara ulag pudagynda netijeli halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmäge, dünýä diplomatiýasynyň ösmegine we ýurtlaryň hem yklymlaryň durnukly ösüşine itergi berýän özara peýdaly gatnaşyklaryň täsirli köpugurly ulgamyny döretmäge gönükdirilen özüniň ulag diplomatiýasyny mundan beýläk-de ösdürmeginiň ýene bir subutnamasydyr.
28.02.2023
7795
Aşgabatda «Hoşlaşasym gelenok!» atly oýnuň ilkinji görkezilişi boldy
Paýtagtymyzyň Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda «Hoşlaşasym gelenok!» atly oýnuň ilkinji görkezilişi boldy. Dramaturg Aleksandr Wolodin bu setiri Aleksandr Koçetkowyň goşgusyndan spektaklyň ady hökmünde alypdyr. Oýnuň ady onuň mazmunyna deňagramlylyk ýaly bolup görünýär.
28.02.2023
5670
Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen resminamalaryň toplumyna gol çekildi
2023-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP), Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanalarynyň arasynda resminamalara gol çekişmek dabarasy geçirildi.
28.02.2023
8726
Türkmen tennisçi gyzlar ýetginjekleriň (U-16) arasynda Billi Jin Kingiň Kubogy ugrunda ýaryşa saýlama oýunlarda bürünç medal gazandylar
Türkmen tennisçi gyzlar ýaşy 16-a çenli ýetginjekleriň (U-16) arasynda Billi Jin Kingiň Kubogy ugrunda ýaryşa Aziýa/Okeaniýa saýlama zolagyndan Kolomboda geçirilen saýlama oýunlarda bürünç medala mynasyp boldular.
27.02.2023
5090
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere seredildi.
27.02.2023
4783
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna üýtgewsiz eýerýän Garaşsyz Türkmenistan halkara giňişlikde işjeň orny eýeleýär. Häzirki döwürde biziň ýurdumyz bütin dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin Ýer ýüzüniň köp döwletleri bilen ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de abraýly guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Halkara gatnaşyklary düzgünleşdirýän esasy edara hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň utgaşdyryjy ornuna ýokary baha berip, Türkmenistan bu gurama bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär we ony daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi.
27.02.2023
4357
Türkmenistanda Gwatemala Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Gwatemala Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Haýro Dawid Estrada Barriosdan ynanç hatyny kabul etdi.
27.02.2023
7775
Türkmenistanly türgenler «Aziýanyň çagalary» atly II gyşky oýunlaryň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
Türkmenistanyň topary Kemerowo şäherindäki «Kuzbass» buzly köşgünde geçirilen «Aziýanyň çagalary» II gyşky halkara sport oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
27.02.2023
6747
Türkmenistana ýaz maýylganlygy aralaşýar
Şu hepde ýurdumyzda maýyl we güneşli howanyň bolmagyna garaşylýar. Howa ortaça +27 gradusa çenli maýlar. Şonda-da sebitleriň käbirinde bahar ýagyşlarynyň ýagmagy mümkin.