23.04.2022
5933
Hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine ýollan haty
Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Size we ýurduňyzyň ähli dostlukly halkyna Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekilmegine 20 ýyl dolmagy mynasybetli mähirli gutlaglarymy we iň oňat arzuwlarymy ibermegi hormat saýýaryn.
23.04.2022
2691
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Şanly waka — biziň ýurtlarymyzyň arasynda Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň!
23.04.2022
6764
Aşgabat şäherine daşky gurşawy goramak babatda tagallalary üçin halkara güwänama berildi
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamana berildi.
23.04.2022
11479
Ajaýyp ahalteke bedewleriniň waspy
Paýtagtymyzyň Sergi merrkezinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli türkmen nakgaşlarynyň işleriniň sergisi açyldy. Asyrlarboýy türkmen halkynyň buýsanjy bolan owadan bedewleriň şekili merkeziň iki gatyna-da bezeg berdi. Nakgaşlaryň her biri bu tema özboluşly çemeleşipdir. Sergide art-modern stilinde, kiçi heýkellerde, esasan realistik äheňde ýerine ýetirilen işler kändi.
23.04.2022
8551
Türkmenistanyň muzeýlerine wirtual gezelenç
«Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň» çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde «Sanly ulgamy ornaşdyrmagyň usulyýeti we wirtual muzeýiň mümkinçiligi» atly ylmy-amaly maslahat boldy. Oňa ýurdumyzyň resmi saýtlary bolan iri muzeýleriniň ählisiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
23.04.2022
13434
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda guralyp oňa ýokary okuw mekdebiň zenan mugallymlary, talyp gyzlary işjeň gatnaşdylar.
23.04.2022
6546
Türkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramy mynasybetli gutlaglary iberdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurtlaryň döwlet we Hökümet Baştutanlaryna, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylaryna mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
23.04.2022
8585
Türkmenistan — Russiýa Federasiýasy: Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama 20 ýyl
Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekilmeginiň şu ýylda 20 ýyllygyny belleýän Türkmenistany hem-de Russiýa Federasiýasyny dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde depginli ösdürilýär.
23.04.2022
6413
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
Şu gün Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri baradaky Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine toparyň şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, onuň Sekretariaty hakynda Düzgünnamanyň taslamasy, şeýle-de geljek döwür üçin işleriň meýilnamasy boýunça meseleler girizildi.
23.04.2022
5370
«Merkezi Aziýa – Russiýa» formatda daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylarynyň bäşinji mejlisi geçirildi
2022-nji ýylyň 22-nji aprelinde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatda Daşary işler ministrleriniň bäşinji mejlisi geçirildi.