09.03.2022
6947
Lebaply telekeçiler senagat önümlerini eksport edýärler
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan, Lebap welaýatynda ýerleşýän hususy kärhanalary 2022-nji ýylyň başky iki aýynda 731 müň amerikan dollaryndan gowrak senagat önümlerini daşary ýurtlara eksport etdiler.
08.03.2022
26205
Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy
Şu gün Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününe, Garaşsyz Watanymyzyň şöhratly zenanlarynyň hormatyna bagyşlanan dabara geçirildi.
08.03.2022
9083
Iki aýyň dowamyndaky ösüşiň esasy netijeleri
Şu ýylyň soňky iki aýynyň Ministrler Kabinetiniň 4-nji martda - anna güni geçirilen mejlisinde jemlenen netijeleri Türkmenistanda ileri tutulýan sosial ugurlaryň we halkyň abadançylygy baradaky aladalaryň döwlet syýasatynyň özenidigini ýene bir gezek tassyklady.
08.03.2022
8242
HYYweÖU talyplary Matematika boýunça açyk olimpiada çagyrýar
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin Matematika boýunça açyk olimpiada (OMOUS-2022) guraýar.
08.03.2022
4282
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine we gelin-gyzlaryna
Sizi bahar paslynyň älem-jahany joşduryp, Zemine bereket, göwünlere şatlyk, mähir-söýgi, ylham paýlaýan nurana günlerinde dabaraly bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu ajaýyp bahar baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabaralaryň, bäsleşiklerdir sergileriň eziz enelerimiziň, mähriban gelin-gyzlarymyzyň göwünlerini galkyndyryp, bagtyýar döwrümize buýsanjy, Garaşsyz Watanymyza söýgini has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.
07.03.2022
7031
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary
Ýurdumyzda saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsüm dowam edýär. Onuň çäklerinde iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärler saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirýärler. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, olara wagyz işlerini geçirmek üçin, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berildi. Bu möwsümiň umumy kabul edilen halkara kadalara laýyklykda, açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda hem-de giň bäsdeşlik esasynda geçirilmegi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň demokratik ýörelgelere ygrarlydygyny aýdyň görkezýär.
07.03.2022
9496
Köp çagaly eneleri hormatlamak dabarasy
Şu gün paýtagtymyzda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Şolaryň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleri hormatlamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, olara “Ene mähri” diýen hormatly at dakyldy. Şeýle hem köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy.
07.03.2022
7060
Mukamlar köşgünde geçirilen baýramçylyk konserti
Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda Watanymyzyň gelin-gyzlaryna bagyşlanan konsert boldy.
07.03.2022
7032
Ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada maglumat
Türkmenistanda ümürli we ýagyşly howa bolar. Tutuş iş hepdesiniň dowamynda üýtgäp durýan howa garaşylýar.
07.03.2022
13281
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.