28.02.2022
14518
Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň ýolbaşçy düzümi saýlanyldy
Küşt boýunça milli sport ussady, 43 ýaşly Wepa Mälikgulyýew Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň (TKF) başlygy wezipesine saýlanyldy.
28.02.2022
9731
Türkmenistanda ýagyşly we güneşli howa garaşylýar
Şu hepde Türkmenistanda ümürli we ýagyşly howa bolar diýlip çaklanylýar. Howa +20…+25 gradus aralygynda maýyl bolmagy mümkin.
27.02.2022
5695
Türkmenistanyň dünýäniň 30 ýurdunda ýerleşen ilçihanalarynda we konsullyklarynda 41 sany saýlaw uçastoklary döredildi
Şu gün, 27-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik korpusy bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
27.02.2022
7108
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we ýurduň ähli doganlyk halkyna Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
27.02.2022
6050
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidentini ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Abdul Hamide we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Bangladeş Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
26.02.2022
5608
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
26.02.2022
5720
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary
Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Agrar partiýadan dalaşgärlige hödürlenen, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowyň saýlawçylar bilen duşuşygy geçirildi.
26.02.2022
10853
«Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 – 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi boýunça brifing geçirildi
2022-nji ýylyň 26-njy fewralynda paýtagtymyzyň «Garagum» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda, «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 – 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasynyň» kabul edilmegi boýunça brifing geçirildi.
26.02.2022
5194
«Balzaminowyň öýlýenişi» sahnada
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda Aleksandr Nikolaýewiç Ostrowskiniň belli pýesasy esasynda goýlan «Balzaminowyň öýlýenişi» şadyýan äheňde, üýtgeşik spektaklyna syn geçirildi. Oýnuň wakalary ХIХ asyrda Russiýanyň çetki şäherjikleriniň birinde bolup geçýär.
26.02.2022
5539
«Gurluşlaýyn dialogyň» çäklerinde Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň ministrleriniň derejesinde gepleşikler geçirildi
2022-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda göni wideoaragatnaşyk görnüşindäki «Gurluşlaýyn dialogyň» çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we Ösüş boýunça ministrliginiň Günorta we Merkezi Aziýanyň, BMG-niň we Arkalaşygyň işleri boýunça ministri Lord Tarik Ahmad bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Tükmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.