04.02.2022
6979
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen baran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Pekinde XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň hormatly myhmany boldy.
04.02.2022
6510
Ýurdumyzyň wekiliýeti Hytaýdan gaýdyp gelenden soň, üç günlük karantinde bolar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary Pekinde gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyndan gaýdyp gelenlerinden soň, üç günlük karantinde bolarlar. Bu barada düýn sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenildi.
04.02.2022
18202
Ýaňlan dutar!
Şu ýylyň 1-nji fewralyndan 10-njy fewraly aralygynda türkmen milli telewideniýesiniň we radiosynyň ýaýlymlarynda dutara hem bagşyçylyk sungatyna bagyşlanan gepleşikler, teatr oýunlary, çeper we resminamalaýyn filmler görkeziler.
04.02.2022
11461
Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüş depgini 6%-den ýokary boldy
2022-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,2%-e deň boldy. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berildi.
04.02.2022
23903
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ösdürmegiň strategiýasy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow önümçiligi diwersifikasiýalaşdyrmagyň we sanlylaşdyrylmagyň milli ykdysadyýetiň sazlaşykly ösmeginde baş wezipäni ýerine ýetirýän ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň mümkinçiligini ösdürmek strategiýasynyň esasyny düzýändigini belleýär.
04.02.2022
9454
Derman serişdeleriniň öndürilişi artýar
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň Balkan welaýatynyň Bereket şäherindäki Ýod önümçiligi kärhanasy bu ulgamyň ýurt möçberindäki adygan kärhanalarynyň biri hasaplanýar.
04.02.2022
8316
Dutar – meniň ykbalym
– Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ömrüni bu jadyly gurala bagyşlan sungat adamlary üçin buýsançly we şatlykly waka boldy – diýip, Türkmenistanyň halk artisti, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň türkmen sazy kafedrasynyň dosenti, kompozitor, sazanda Orazmyrat Annanepesow gürrüň berýär.
03.02.2022
7898
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasyna ugrady
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Hytaýyň paýtagty Pekin şäherine ugrady. Bu ýerde milli Liderimiz Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar.
03.02.2022
5912
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem döwlet durmuşynyň möhüm wezipelerine garaldy.
03.02.2022
11645
Türkmenistanyň Prezidentiniň Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligini döretmek hakynda Permany
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda awtomobil ýollary pudagyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin: