26.01.2022
5023
Ženewada Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary tanyşdyrylydy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tarapyndan öňe süren «Dialog – parahatçylygyň kepili» başlangyjynyň çäklerinde, Türkmenistanyň BMG-niň Ženewa bölüminiň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy Ženewanyň Halkara barlaglary we ösüş boýunça ýokary institutynda Türkmenistanyň 2022-nji ýylda we geljek döwürde daşary syýasatynda ileri tutýan ugurlaryna bagyşlap brifing geçirdi.
26.01.2022
3973
Türkmenistan we Ermenistan medeni miras pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
W.Brýusow adyndaky Ýerewan döwlet diller we jemgyýetçilik ylymlary uniwersitetiniň ýanyndaky ÝUNESKO-nyň adam hukuklary, demokratiýa we syýasy ylymlar bölüminiň başlygy professor Tigran Torosýan bilen Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçisi duşuşdy.
26.01.2022
8614
Täze jaýlaryň açarlary gowşuryldy
Mary welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçylaryna we olaryň maşgalalaryna niýetlenen 4 gatly, 32 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyp ulanmaga berildi.
26.01.2022
8669
Kompozitor we şahyr: sazyň we poeziýanyň dostlugy
Türkmen nakgaşlary köplenç öz eserlerinde ýa-da heýkellerinde her bir ildeşimize belli iki zehin – kompozitor Nury Halmämmedowy we onuň dosty şahyr Gurbannazar Ezizowy şekillendirýärler.
26.01.2022
11934
Ýyladyşhanada bol hasyl kemala getirilýär
Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Talhanbazar geňeşliginiň çäginde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Altyn bürgüt» hususy kärhanasynyň döwrebap ýyladyşhanalar toplumynda pomidoryň bol hasyly kemala getirilýär.
25.01.2022
6466
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Hytaý» sammitine gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli sammite gatnaşdy.
25.01.2022
7849
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa – Hytaý» Sammitindäki sanly ulgam arkaly çykyşy
Ilkinji nobatda, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýokary derejedäki duşuşygy çagyrmak başlangyjy bilen çykyş edendigi üçin, Onuň Alyhezreti, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy jenap Si Szinpine minnetdarlyk bildirýärin.
25.01.2022
9282
Täze toplum üçin ösen infrastruktura
Daşoguz şäherinden halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda 71 gektar meýdanda gurulýan täze ýaşaýyş jaýlar we desgalar toplumynyň dürli maksatly zerur inženerçilik we tehniki desgalar ulgamy bolar.
25.01.2022
7707
Çagalar haly önümlerine täze ömür berdiler
Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebinde haly bölüminiň okuwçylarynyň meýilnamadan daşgary sergisi açyldy.
25.01.2022
7566
Önümçilik ýokary derejede alnyp barylýar
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Serdar etrabyndaky häzirki zaman kärhanasynda netijeli işler amala aşyrylýar.