21.01.2022
12578
Balkan welaýatynyň döwlet drama teatrynda «Asly-Kerem» türkmen halk dessany sahnalaşdyryldy
Balkan welaýatynyň döwlet drama teatrynda «Asly-Kerem» türkmen halk dessany esasynda adybir spektakl goýuldy. Pýesanyň awtorlary Batyr Batyrow bilen režisýor Öwezmämmet Galandarow halk ýordumyny dramaturgiýa uýgunlaşdyrmak üçin köp işlediler. Onuň sahnadaky beýanynyň ýerine düşendigini aýtmak gerek.
21.01.2022
8143
Halkara bäsleşiklerinde ýokary netijeler gazanyldy
2021-nji ýylyň dowamynda Lebap welaýatynyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde bilim we terbiýe alýan mekdep okuwçylary okuw dersleri boýunça geçirilen Halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, dürli derejeli medallaryň jemi 43-sine, diplomlaryň hem 724-sine mynasyp boldular.
20.01.2022
8462
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna iş sapary
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitleri ösdürmegiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak, şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasyny içerki sarp edijilere we beýleki döwletlere ibermek bilen baglanyşykly wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.
20.01.2022
4541
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
20.01.2022
5990
Döredijilik ylhamynyň joşguny suratlarda
2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi türkmen nakgaşlarynyň arasynda döredijilik işjeňligini döretdi. Muzeýlerde, sergi merkezlerinde we çeperçilik galareýalarynda žiwopis işleriniň sergileri açylýar.
20.01.2022
6595
Türkmen sirkiniň taryhyndan
Türkmenistanyň sirkiniň taryhynda öçmez yz galdyran, ilkinji türkmen çapyksuwar zenany Sona Berdiýewa şu ýyl ol 92 ýaşamalydy.
20.01.2022
8008
Togan Oral: Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda depginli ösýär
Şu ýylyň 19-njy ýanwarynda geçiren nobatdaky metbugat duşuşygynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral pandemiýa çäklendirmelerine garamazdan, geçen ýyl Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ep-esli artandygyny belledi.
20.01.2022
8791
Türkiýäniň «Anadolu» agentligi Türkmenistanda wekilhanasyny açdy
Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral Türkiýäniň «Anadolu» agentliginiň Aşgabatda resmi wekilhanasyny açandygyny habar berdi.
19.01.2022
8417
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň gurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna degişli meseleler bilen tanyşmak üçin ak mermerli paýtagtymyzyň demirgazyk künjegine geldi.
19.01.2022
11841
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 3-nji oýny geçirildi.