03.12.2021
12100
Şowhunly Täze ýyl sowgatlary
Täze ýyl baýramy golaýlaýar. Ozaldan däp bolşy ýaly, Täze ýylyň rysgal-bereketli saçagynyň başyna ýygnanan dogan-gardaşlara, dost-ýarlara we körpeje çagalara Aýazbabanyň gatnaşmagynda şowhunly täze ýyl gepleşikler hem-de filmler garaşýar.
03.12.2021
5857
«Ýürek telwasy» sahnada
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry «Ýürek telwasy» atly, täze aýdym-sazly sahna oýnuny sahnalaşdyrdy.
03.12.2021
17470
Babagammar – Dutaryň piri
Türtkmen topragy aýdym-saz sungatyna penakär we hemaýatkär bolan uly pirleriň gezen ýerleri hasaplanýar.
02.12.2021
5636
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, olaryň işini kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de harby özgertmeleriň durmuş meseleleri girizildi.
02.12.2021
7964
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanynda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetini döretmek bellenildi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, olaryň oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, maldarçylyk, guşçulyk we balykçylyk bilen meşgullanmak, şeýle hem dürli görnüşli azyk önümlerini öndürmek işini ýola goýmak arkaly kömekçi hojalyklarynyň işini döwrebap usulda kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanynda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetini döretmek bellenildi.
02.12.2021
4131
Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň mejlisi
Şu gün Energetika ministrliginiň binasynda sanly ulgam arkaly Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň nobatdaky bäşinji mejlisi geçirildi.
02.12.2021
5144
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy mätäç çagalaryň saglygyny bejermek üçin serişde goýberdi
Ýurdumyzyň ýaş nesli barada hemmetaraplaýyn alada, olaryň bagtly durmuşda ýaşamagy we sazlaşykly ösmeg üçin zerur şertleri döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.
02.12.2021
5049
Telekeçileriň zähmeti bilen
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda süýdi gaýtadan işlemäge we dürli görnüşli süýt önümlerini öndürmäge niýetlenen hususy kärhana gurulýar.
02.12.2021
27288
Eziz Diýarymyzda internet hyzmaty kämilleşýär
Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň (HEB) täze hasabatyna görä, dünýäde internet ulanyjylaryň sany köpelýär, emma dünýä ilatynyň 37%-i üçin ol henizem elýeterli däl.
02.12.2021
7106
ÝUNISEF Türkmenistana lukmanlar üçin şahsy gorag serişdelerini getirdi
Şu hepdede ÝUNISEF Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi üçin şahsy gorag serişdelerini (ŞHS) getirdi.